TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 20-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» halkara howa menzilinde gondy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Prezidentimiziň awtoulag kerweni howa menzilinden GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň şu gezekki resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Bu ýerde milli Liderimizi Russiýanyň Lideri Wladimir Putin mähirli garşylady.

Özara salamlaşylandan soňra, GDA ýurtlarynyň Baştutanlarynyň çäkli görnüşde resmi däl duşuşygy geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin duşuşygy açyp, döwlet Baştutanlarynyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça bilelikde iş alyp barmak hakynda çözgütleri kabul edendiklerini belledi.

Bu sene Arkalaşygyň ýurtlarynyň ähli halklary üçin uly ähmiýete eýedir. Biziň döwletlerimizde Beýik Ýeňşi gazanan esgerler we serkerdeler, tylda tutanýerli zähmet çekip, bu ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşan adamlar hakdaky taryhy hakydany gorap saklamak we pugtalandyrmak üçin köp işler durmuşa geçirilýär.

Şu geçirilen ýokary derejeli resmi däl duşuşyga, ilkinji nobatda, sebit boýunça goňşy ýurtlaryň däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, oňa hyzmatdaşlygyň toplanylan oňyn tejribesini hasaba almak bilen işjeňlik we oňyn häsiýet bermäge, milli ykdysadyýetleriň gazananlaryny, şeýle hem bar bolan ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyny artdyrmaga özara gyzyklanmanyň ýene bir aýdyň subutnamasy hökmünde garamak bolar.

Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Pulkowo» howa menziline bardy, şol ýerden Aşgabada ugrady.