TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADA HALKARA GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYKLARY

2019-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň (UNHCR) 70-nji sessiýasynyň çäklerinde Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň (MHG) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň baştutanlygyndaky wekiliýetiň MHG-nyň Baş direktory Antonio Witorino bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň MHG bilen hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi barada belläp geçdiler. Bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk şahslaryň huhuklar bilen üpjün edilmegi, olara gaçybatalga berilmegi ýaly migrasiýa meselelerine Türkmenistanyň abraýly guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlary hökmünde garaýandygy aýratyn nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, bosgunlar we raýatlygy bolmadyk şahslar, migrantlar bilen bagly milli we halkara derejesindäki meselelerini çözmek boýunça Türkmenistanyň öz üstüne alan borçlaryna berk ygrarlydygy bellenildi.

2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda BMG-niň Ženewadaky binasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary Filippo Grandi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň beýleki döwletlere görelde bolup durýandygyny bellemek bilen, raýatlygy bolmadyk şahslaryň sanyny azaltmak boýunça ýurdumyzyň bitiren işleri üçin Ýokary Komissar Türkmenistana öz minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle-de, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň 863 sany adama raýatlyk bermek boýunça kararynyň örän möhümdigini we halkara derejesinde ykrar edilmäge mynasypdygyny belledi.