img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

EÝRANDA TÜRKMENISTANYŇ AHAL WELAÝATYNDA ÖNDÜRILEN HARYTLARYŇ SERGISI GEÇIRILÝÄR

photo

2019-njy ýylyň 25-27-nji awgusty aralygynda türkmen wekiliýeti ýurduň Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilýän Ahal welaýatynda öndürilen harytlaryň sergisine gatnaşýar.

Sergä Eýranyň we Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy sektorlarynyň ýokary wezipeli wekilleri, ýerli kompaniýalar we ýurduň ýaşaýjylary gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary serginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynyň dowamynda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, iki ýurduň hususy sektorlarynyň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem, senagat, metallurgiýa we oba hojalyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň we Eýranyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine oňyn täsir edýändigi belläp geçdi.

Şeýle-de, türkmen wekiliýetiniň Eýrana bolan saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasarynyň Horasan-Rezawi we Demirgazyk Horasan welaýatlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.