Paýtagtymyzyň şäher gurluşygyny ösdürmek wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Paýtagtymyzyň häkimliginde iri durmuş ugurly taslamany amala aşyrmak — belent binalary bolan täze ýaşaýyş toplumyny döretmek meseleleri boýunça maslahat geçirildi, bu toplumda ýüz müňden hem gowrak adam ýaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagy we senagat pudaklarynyň ösdürilmegi ýurdumyzda giň möçberli şähergurluşygyna ägirt uly maýa serişdelerini gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Aşgabadyň okgunly ösmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz uly ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň diňe bir başyny başlaman, eýsem, olary durmuşa geçirmegiň — binagärlik pikiriň bezelişinden, geljekki desganyň inženerçilik-tehniki üpjünçiliginden başlap, ulanylmaga berilmegine çenli ähli tapgyrlaryny hemişe öz gözegçiliginde saklaýar.

Bir aýa golaý wagt mundan öň, 20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň häkimligine baryp, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň, hususan-da, Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze toplumyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ýerde geljekki gurluşyklaryň çyzgylary, binagärlik toplumlarynyň nusgalary hem-de düzümleýin desgalaryň şekillendirilen uly göwrümli taslamasy görkezildi. Olar “şäher içinde şäher” ýörelgesi boýunça taslanylan täze ýaşaýyş toplumynyň nähili keşpde boljakdygy barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Şähergurluşygy Aşgabady ösdürmegiň baş ugry bolmak bilen, köp babatda şäheriň ykdysady ugurlaryny hem, maýa goýum we işewürlik derejesini hem kesgitleýär. Paýtagtymyzyň halkara durmuşynyň, işewürligiň, medeniýetiň we syýahatçylygyň merkezi hökmündäki eýeleýän orny we ähmiýeti artýar.

Şu gün Aşgabat şäher häkimliginde ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, hususy bölegiň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary täze taslamanyň ähli bölekleri bilen tanyşdylar.

Bu taslama 200 binadan gowrak bolan ägirt uly toplumy gurmaga bölünip berlen umumy meýdan 744 gektara barabardyr. Dürli belentlikdäki — 12 gatdan 35 gata çenli diňe ýaşaýyş jaýlarynyň 180-sini gurmak maksat edinilýär. Şolardaky öýleriň sany 17 müň 836 bolar. Umuman, tutuş etrap 107 müňden gowrak ilata niýetlenendir. Ýagny, ýakyn ýyllarda Aşgabadyň demirgazygynda dolandyryş binalarynyň, hyzmat ulgamynyň edaralarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň, medeniýet merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de beýleki durmuş maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemleýän täze şäher peýda bolar.

Bularyň ählisini diňe bir bina etmek wezipesi däl-de, eýsem, özleşdirilýän çäkleriň her bir inedördül metrine täze durmuşy getirmek, “akylly şäher” nusgasy esasynda düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek wezipesi öňde durýar. Has takygy, möçberi hem-de çylşyrymlylygy babatynda ägirt uly işler garaşýar. Türkmen şäher gurluşykçylary indi iri taslamalary amala aşyrmakda baý tejribe topladylar. Olar häzirki zamanyň ähli tehniki mümkinçiliklerine eýe bolup, iň gowy dünýä tejribesini işjeň öwrenýärler hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrýarlar.

Milli Liderimiz paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça her gezekki iş sapary mahalynda esasy gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işler bilen giňişleýin tanyşýar. Hut şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiz hiç bir zady ünsden düşürmän, gurluşyk işleriniň ähli inçe taraplaryna berk üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň desgalaryň aýratynlygyna, ygtybarlylygyna we howpsuzlygyna, daşky bezegine degişli oýlanyşykly teklipleri taslama düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar üçin ugur görkeziji çelgä öwrülýär.

Hususy kompaniýalaryň şäher gurluşyk toplumyna, şeýle hem milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge giňden çekilmegi ýurdumyzda telekeçiligi goldamagyň döwlet syýasatynyň ugurlarynyň biri bolup durýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýyş-durmuş we medeni ähmiýetli desgalaryň ýüzlerçesinde işler alnyp barylýar.

Paýtagtymyzyň demirgazygynda guruljak binalaryň we desgalaryň binagärlik taslamalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäheriniň häkimligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan taýýarlanyldy. Bu işe şeýle hem degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Bu taslamanyň şu günki tanyşdyryş çäresinde ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda iş alyp barýan telekeçiler we binagärler, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Ýurdumyzyň talyp ýaşlary öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Ýurdumyzda gurluşyk pudagyny ösdürmekde häzirki wagtda öz saýlap alan hünäri boýunça ýokary bilim alýan, geljekde bolsa meseleleri çözmäge, täzeçe çemeleşmeleri öňe sürmäge hem-de batyrgaý başlangyçlary durmuşa geçirmäge ukyply ýaşlaryň pikirlerini we garaýyşlaryny bilmek örän ähmiýetlidir. Geljekki binagärler, inženerler we dizaýnerler öz çykyşlarynda ýurdumyzda milli Liderimiziň tagallasy bilen ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň ähli mümkinçiliklerden peýdalanmagy ugrunda döredilýän şertlerden peýdalanyp, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda ähli tagallalaryny we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan «Aşgabat-siti» adyna eýe bolan täze şäheriň taslamasynda etrap häkimliginiň hem-de beýleki döwlet edaralarynyň binalarynyň, 3 müň orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 4-siniň we körpeleriň 1200-sini kabul etmäge niýetlenen çagalar baglarynyň 4-siniň hem-de Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň binalarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Durmuş düzümli desgalaryň hatarynda köpugurly hassahana, Saglyk öýleriniň ikisi, söwda-dynç alyş merkezleriniň ikisi, dükanlar we garbanyşhanalar, stadion hem-de sport toplumy, «Toý mekany» dabaralar merkezi, köp gatly awtoduralgalaryň dördüsi bar. Şeýle hem bu ýerde «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalaryň gurluşygy meýilleşdirildi.

Bu täze şäheriň merkezinde «Ak öý» binasy gurlar. Ak öý türkmen halkynyň aňynda öçmejek ojak — dünýä gurluşynyň özboluşly nyşanyny janlandyrýar. Milli Liderimiziň teklibi boýunça hut şu bina şäheriň özboluşly ýüregine öwrüler. Bu binadan şäheriň beýleki giňişliginiň kemala gelmegi başlanar, ähli esasy ýollar oňa baryp birleşmelidir, onuň töwereginde gurluşygyň tutuş gerimi kemala gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz taslama bilen tanşan mahalynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz täze ýaşaýyş toplumynyň tutuş ak mermerli Aşgabadymyzyň binagärlik keşbi bilen sazlaşmalydygyny hem-de ähli geljekki desgalaryň dizaýn babatynda hem, gurluşygyň hili babatynda hem, ekologiýa talaplary nukdaýnazaryndan-da häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelmelidigini nygtady.

Geçirilen şu günki maslahatda bellenilişi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen Aşgabat ösüşiň täze tapgyryna, öz taryhynyň täze döwrüne gadam goýup, innowasiýalaryň, ýokary şäher medeniýetiniň, maýa goýum işjeňliginiň, syýahatçylygyň paýtagtyna öwrüler.

Täze ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanda ilkinji gezek 30 — 35 gatly binalar gurlar. Şunuň bilen baglylykda, olaryň seýsmiki durnuklylygyny üpjün etmegiň tehnologiýalary aýratyn ähmiýete eýe bolýar, bu meselä taslamany durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda aýratyn üns berler.

Ýaşaýyş toplumy jaýlaryň sekiz görnüşini öz içine alýar: her birinde 150 öý boljak 15 gatly binalaryň ikisi, her biri 54 öýli 12 — 15 gatly binalaryň 42-si, her biri 40 öýli 20 gatly binalaryň 12-si, 88 öýli 21 — 23 gatly jaýlaryň 56-sy hem-de her birinde 88 öý boljak şeýle gatly binalaryň 36-sy, daşky keşbi bilen tapawutlanýan, her birinde 75 öý ýerleşjek 25 gatly jaýlaryň 16-sy, 140 öýli 35 gatly binalaryň 4-si hem-de her birinde 136 öý ýerleşjek 33 — 35 gatly binalaryň 12-si bolar. Jaýlaryň ählisi umumy çözgüde eýedir we öň tarapynyň bezegi, sazlaşygy bilen biri-birinden tapawutlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda häkimlikde geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar täze toplumda inžener-tehniki kommunikasiýalary ulgamyny — energiýa hem-de suw üpjünçilik, aragatnaşyk geçirijilerini we beýleki desgalary döretmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipelere garadylar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ilatyň köp sanlysy ýaşaýan häzirki zaman şäheri diňe bir çäk ýa-da binalar toplumy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, özüne önümçilik işini, durmuş-medeni aragatnaşyklary, ruhy ýagdaýy we ykdysady şertleri birleşdirýän ýaşaýyş-durmuş giňişliginiň çylşyrymly gurluşydyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu taslamada daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini işjeň öwrenmegi, ösen ýurtlardaky şäher hojalygynyň netijeli işiniň ýörelgelerini seljermegi, binalaryň energiýa sarp edişini peseltmäge we tebigy serişdeleri tygşytlamaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalary hem-de serişdeleri ulanmagy tabşyrdy.

Oňaýlylyk, rejelilik, amatlylyk, gözellik, ygtybarlylyk we öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, ekologiýa ölçegleri Watanymyzda gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, edara binalarynyň, senagat desgalarynyň, sport hem-de beýleki durmuş maksatly binalaryň, ulag düzüminiň esasy ugurlary bolup durýar.

Maslahatyň barşynda iri göwrümli täze gurluşyk binalaryň ähli zerur zatlar bilen üpjün edilmegine gönükdirilen uly möçberli işler ýaýbaňlandyryljak esasy ugurlara garaldy.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, täze ýaşaýyş toplumynyň taslamasy adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir. Ol paýtagtymyzyň demirgazyk bölegini ýaşaýjylar hem-de maýadarlar üçin işe ýerleşmek we işewürlik mümkinçiliklerini öz içine alýan täze ykdysady merkeze öwürmäge, telekeçiligi hem-de innowasiýalary ösdürmek üçin has oňaýly ulgamy üpjün etmäge ýardam etmelidir, Aşgabadyň ilatynyň sanynyň barha artýandygyny nazara almak bilen, şäheriň çägini mundan beýläk-de giňeltmek üçin ygtybarly binýada öwrülmelidir.

Bellenilişi ýaly, ilatyň ýaşamagy üçin amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmegi döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzy ösdürmäge bildirýän üýtgewsiz talaby bolup durýar. Çäkler gurlanda ekologiýa ýagdaýlarynyň göz öňünde tutulmagy aşgabatlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň saglygyny goramak üçin örän uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, bu gurluşygy amala aşyrmagyň ähli tapgyrlarynda degişli bilermenlik seljermesini hem öz içine alýan ägirt uly taslamany amala aşyrmagyň çäklerinde meýilnamalar kesgitlenildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülen paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähli meselelerine içgin üns berýändigi üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ägirt uly hoşallyklaryny beýan etdiler.