img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

ÝAPONIÝANYŇ YKDYSADYÝET, SÖWDA WE SENAGAT BOÝUNÇA DÖWLET MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

photo

2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri jenap Ýoşihiko Isozaki bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini we strategiki häsiýetini bellediler. Mundan başga-da syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edildi.

Taraplar dürli ugurlar boýunça geljekde hyzmatdaşlygyny giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny aýdyp, olaryň iň ähmiýetlileriniň hatarynda energetika hyzmatdaşlygyny bellediler. Ýapon tarapy türkmen hyzmatdaşlaryna gaz pudagyndaky gatnaşyklary giňeltmek boýunça öz garaýyşlaryny we tekliplerini beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, dürli derejelerde yzygiderli gatnaşyklary gejekde dowam etmek zerurlygyny bellediler.