AŞGABATDA GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň şu ýyl GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler.

Bu çärä gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza GDA gatnaşyjy-ýurtlaryndan wekilçilikli wekiliýetler gelerler. Bu mejlisiň işiniň dowamynda 30-njy we 31-nji maýda wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär.

Mejlisiň dowamynda GDA gatnaşyjy-döwletleriň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Mejlisiň jemleri boýunça GDA-nyň giňişliginde söwda, ulag we medeni-ynsanperwerlik ugurlary boýunça ýurtlaryň özarahereketleriniň giňeldilmegini kadalaşdyrýan resminamalara gol çekiler.