img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DÖM ULGAMYNDA MEÝLETIN MILLI SYNYŇ TAÝÝARLANYLMAGY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI

photo

2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegi ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagy boýunça Pudagara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda Meýletin milli synyň taslamasynyň esasy aýratynlyklary, şol sanda dizaýny, grafikasy we statistiki maglumatlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçy düzümi, BMG-niň ugurdaş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

BMG-niň ştab-kwartirasynda 2019-njy ýylyň iýulynda geçiriljek Syýasy Forumyň barşynda DÖM ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synyna garaljakdygyny bellemek zerurdyr.