img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ XIV HALKARA RADIO FESTIWALYNA WE VI BÜTINDÜNÝÄ RADIO MASLAHATYNA GATNAŞMAGY

photo

2019-njy ýylyň 22-24 apreli aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde XIV Halkara radio festiwaly we VI Bütindünýä radio maslahaty geçirilýär. Oňa  Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar. Şeýle-de bu çärelere 30 golaý ýurtdan dürli wekiliýetler gatnaşýar.

Вu çäreleriň çäginde türkmen wekiliýeti bilen EYR-nyň Radio we telewideniýe guramasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telewideniýe we radiogepleşikler pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.