TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA ÖZARA BÄHBITLI IŞEWÜR HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY KESGITLEDI
2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça nobatdaky wezipelere garaldy.
Mejlise gatnaşmak üçin Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Žan-Batist Lemuanyň baştutanlygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlise iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Taraplaryň baştutanlary öz çykyşlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini we artýan depginini kanagatlanma bilen nygtap, Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde hökümetara toparyň eýeleýän ornuny bellediler. Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň ýolbaşçysy mähirli kabul edilendikleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, nobatdaky mejlisiň netijeleriniň özara bähbitlilik hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine ýardam berjekdigini belledi.
Toparyň agzalary ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barlan işleriň netijelerine oňyn baha berip, birnäçe ugurlar boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Pikir alyşmalaryň çäklerinde ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, gazy gazyp almakda we gaýtadan işlemekde, şeýle hem gurluşyk, ulag, kosmos we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda, telekeçiligi hem-de hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde gatnaşyklary giňeltmek barada teklipler aýdyldy.
Mejlise gatnaşyjylar netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurlar boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygy barada pikirlerini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda duşuşyklary guramagyň wajypdygy nygtaldy. Munuň özi bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berer.
Ýola goýlan gatnaşyklaryň netijelidigine ýurdumyzda birnäçe fransuz kompaniýalarynyň — «Buig», «Sifal», «Winçi», «Tales», «Total» we beýleki kompaniýalaryň alyp barýan üstünlikli işleri şaýatlyk edýär. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň gerimli özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, «Buig» kompaniýasy Aşgabatda Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň, kaşaň myhmanhananyň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň dolandyryş binalarynyň gurluşygyny amala aşyrýar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisiniň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.