AŞGABATDA ÝOKANÇ DÄL KESELLER BOÝUNÇA BSG-NIŇ ÝEWROPA SEBITINIŇ ÝOKARY DEREJELI MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 9-njy aprelinde Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň «Ýewropada durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça wezipeleriň çözülmegi» atly ýokary derejeli maslahaty öz işine başlady.

Bu çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem dünýäniň 50 golaý ýurtlarynyň saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän ygtyýarly wekilleri, şol sanda Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalarynyň hünärmenleri, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri çykyş etdi we ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşyjylara ýollan Gutlagyny okady.

Soňra maslahata gatnaşyjylara Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory jenap Tedros Adhanom Gebreýesusyň wideo ýüzlenmesi görkezildi, ol BSG-niň halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň agramly goşandyny belläp geçdi we maslahata gatnaşyjalara geçiriljek mejlisleriň işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji hanym Piroşka Ostlin çykyş etdi. Türkmenistanyň BSG bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyna ýokary baha bermek bilen myhman, Ýokanç däl keselleriň öňüniň alynmagyna goşan ägirt uly goşandy üçin türkmen tarapyna Güwänama gowşurdy.    

Ýygnagyň birinji gününde şeýle hem Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň, şeýle hem BSG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň wekilleri çykyş etdiler. 2013-nji ýylda Saglyk-2020 syýasatynyň çygrynda Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat jarnamasynyň kabul edilmegi Ýewropa sebiti üçin ähmiýetli waka boldy. Bu resminama ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça esasy düzgünleri we borçnamalary berkitdi hem-de milli derejede öňüni alyş usullarynyň we meýilnamalaryň taýýarlanmagy bilen birlikde bu resminama saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ýokanç däl keselleri boýunça maksatnamalaryň monitoringiniň maglumat ulgamlarynyň berkidilmegi üçin esasy ugur görkezijä öwrüldi.  

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar BSG-niň gatnaşyjy-ýurtlary we hyzmatdaşlary tarapyndan häzirki wagta çenli edilen işler hakynda gürrüň etdiler, bu bolsa global derejesinde ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça oňyn netijeleriň gazanylmagyna mümkinçilik berdi we şunuň bilen hem ol Durnukly Ösüş Maksatlaryna we 2030 Gün tertibine ýetmek prosesine uly goşant goşýandyr.

Maslahatyň birinji gününiň jemleri boýunça syýasaty öwrenijiler we gyzyklanma bildirýän taraplar üçin brifing guraldy. Brifingiň barşynda oňa gatnaşyjalara Türkmenistanyň BSG bilen Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygynyň çäklerinde amala aşyrylýan işler boýunça maglumatlar berildi.

Ertir, 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde BSG-niň Ýewropa sebitiniň ýokary derejeli maslahaty öz işini dowam eder.