AŞGABATDA «HALKARA SPORT GÜNI - PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA» ATLY FORUMY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda «Halkara sport güni - parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna» atly halkara forumy geçirildi.

Forumyň işine Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumda bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Obadyr şäherlerimizde döwrebap türgenleşik enjamlary bolan sport desgalary gurulýar.

Çykyş edenler Türkmenistanyň halkara derejesindäki iri sport çärelerini geçirmekde üstünlikli tejribä eýe bolmak bilen öz halkara abraýyny ýokary galdyrýandygyny bellediler. Halkara Olimpiýa komiteti we federasiýalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde sportyň dürli görnüşleri ösdürilýär diýip nygtadylar.

Forumyň soňunda erkin ýagdaýda sorag-jogap sessiýasy geçirildi we onuň çäklerinde ähli soraglara doly jogaplar berildi.