TÜRKMENISTAN HALKARA-HUKUK RESMINAMALARYNYŇ BINÝADYNY KÄMILLEŞDIRÝÄR
Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynyň işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen halkara-hukuk resminamalarynyň binýadyny ulgamlaýyn kämilleşdirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda adam hukuklary ulgamyndaky konwensiýalaryna gatnaşmak arkaly Türkmenistan bu resminamalaryň kadalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça iş ýüzünde degişli hereketleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda abraýly halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmek ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň ileri tutulýan ugry bolup durýandyr. Adam hukuklarynyň gender deňliginiň üpjün edilmeginiň meseleleri Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüjileri bolupdy we şeýle bolmagynda galýandyr.
Bu günki günde biziň ýurdumyzda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibinde esaslandyrylan Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde gender deňligini üpjün etmek ulgamynda takyk üstünlikler gazanyldy. Aýallar erkekler bilen bir hatarda Türkmenistanyň Parlamentinde, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrliklerinde we beýleki döwlet dolandyryş edaralarynda ýokary wezipeleri eýeleýärler.
Gender syýasatyny ösdürmegiň prosesi milli kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi boýunça alnyp barylýan ulgamlaýyn işleri şöhlelendirýändir. Öz üstüne alan borçnamalaryna eýermek bilen Türkmenistan gender deňliginiň ilerledilmegi boýunça strategiýany işläp düzdi. Ýurtda aýallar üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegine degişli bolan umumy ykrar edilen halkara-hukuk kadalarynyň we düzgünleriniň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy boýunça yzygiderli hereketler amala aşyrylýar.
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde adam hukuklary we gender deňligi ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi boýunça halkara guramalary bilen resminamalara we maksatnamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.
Has takygy şu aşakdaky resminamalara gol çekildi:
- BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikdäki «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek» atly taslamasynyň 2019-njy ýyl üçin Iş meýilnamasy;
- BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikdäki «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek» atly taslamasynyň 2019-njy ýyl üçin Iş meýilnamasy;
- BMG-niň Ilat gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikdäki «Gender deňligini çaltlaşdyrmak üçin ulgamlary we mehanizmleri berkitmäge goldaw bermek» atly taslamasynyň 2019-njy ýyl üçin Iş meýilnamasy;
- BMG-niň Ilat gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikdäki «Gender deňligini çaltlaşdyrmak üçin ulgamlary we mehanizmleri berkitmäge goldaw bermek» atly taslamasynyň 2019-njy ýyl üçin Iş meýilnamasy;
- ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilliginiň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň arasyndaky «2016-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamasy» we «2019-2020-nji ýyllar üçin iki ýyllyk iş meýilnamasy – çagalaryň hukuklary babatynda hyzmatdaşlyk»;
Halkara-hukuk resminamalarynyň binýadyny kämilleşdirmek prosesinde Türkmenistan BMG we beýleki halkara edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär, bu bolsa ýurtda adam hukuklary we gender syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine itergi berýändir.