TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASYNY GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 3-nji aprelinde Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Ilçihanasy bu edaranyň ýanyndaky Ukrain-Türkmen işewürlik geňeşiniň ýardam bermeginde we işjeň gatnaşmagynda birinji Hazar Ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi.
Dabara Ukrainanyň DIM-niň işgärleri, hazarýaka döwletleri bolan Azerbaijan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasýasynyň Ilçihanalarynyň diplomatlary, ýurduň sebit söwda-senagat edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, kärhanalarynyň we kompanialarynyň wekilleri, şeýle hem telewideniýeniň hem-de ýerli we sebitleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Türkmenistanyň Ilçihanasy duşuşyga gatnaşyjylaryň dykgatyna birinji Hazar Ykdysady forumy baradaky maglumatlary hödürledi. Şeýle-de gatnaşyjylar Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda işlenilip düzülen forumyň konsepsiýasy bilen tanyşdyryldy.
Çäräniň ahyrynda tanyşdyryş dabarasy oňa gatnaşyjylar bilen “sorag-jogap” görnüşinde dowam etdirildi. Esasy soraglar foruma gatnaşmagyň şertleri barada berildi. Türkmenistanyň Ilçihanasy foruma gatnaşmak bilen bagly doly maglumat berdi we birinji Hazar Ykdysady forumyna bagyşlanan wideo şekilleri görkezdi.