img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

«HAZAR DEŇZI – DURNUKLY ÖSÜŞ WE DOLANDYRMAK» ATLY OKUW KURSYNA GATNAŞYJYLARYŇ TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNA BARDYLAR

photo

2019-njy ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, Halkara Umman institutynyň dolandyryjy direktory Antonella Wassalo we UNESCO-nyň Hökümetara okeanografik toparynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň geneşçisi doktor Ýuriý Olýunin bilen duşuşygy geçirildi.

Myhmanlar talyplaryň öňünde «Halkara Umman instituty we ummany dolandyrmakdaky potensialyň ösüşi: Hazar deňzi sebitinde üstünlikli hyzmatdaşlyk», şeýle hem «Hökümetara okeanografik topary: Hazar deňzini durnukly ösdürmekde ähmiýeti we orny» atly leksiýalar bilen çykyş etdiler hem-de talyplaryň sowallaryna jogap berdiler.