KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2019-njy ýylyň 28-nji fewralyndan 1-nji mart aralygynda Koreýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministrliginiň global saglygy goraýyş ulgamy boýunça Baş direktory hanym Kim Hýe-sonuň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrýar.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda lukmançylyk ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra wekiliýet Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ylmy-okuw merkezine, şeýle hem Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetine baryp gördüler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda lukmançylyk ulgamynyň ösüşine we oňa halkara tejribesiniň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär.  Öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, dünýä tejribesiniň gazananlary bilen tanyşmak we bu ulgam üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýralamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.