Saýlawlaryň geçirilişine syn etjek milli synçylaryň 3223-si bellige alyndy

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylary bellige almak çäresi boldy. Şu pursatdan başlap, olap saýlaw çäreleriniň guralyşyna gözegçilik ederler. Degişli saýlaw toparlary tarapyndan dabaraly ýagdaýda olara bellenilen nusgadaky şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Häzirki döwürde tutuş ýurdumyz boýunça milli synçylaryň 3223-si bellige alynydy.

Olaryň 610-sy ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň, 336-sy Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, 407-si Agrar partiýanyň,

687-si Kärdeşler arkalaşyklarynyň, 279-sy Zenanlar birleşiginiň, 509-sy Ýaşlar guramasynyň, 321-si raýatlaryň toparlarynyň, 74-si bolsa Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň wekilleridir.

Synçylaryň bilim we hünär derejesi ýokary bolmak bilen, olaryň köpüsi oba we suw hojalygy pudaklarynda, ýangyç-energetika toplumynda, ykdysady, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda işleýän ýokary derejeli hünärmenlerdir. Olaryň hatarynda ýurdumyzda ýaşaýan birnäçe milletleriň wekilleri bar.

Synçylar üçin okuw sapaklary geçiriler. Olar synçylara milli saýlaw kanunçylygynda, has takygy, Saýlaw kodeksinde bar bolan üýtgetmeler, özleriniň wezipe-borçlary we öňde boljak saýlawlary geçirmegiň tertibi bilen has içgin tanyşmaga mümkinçlik berer.

Umumy kabul edilen halkara tejribesine laýyklykda, synçylar saýlaw toparlarynyň mejlislerine, saýlaw gutularynyň açylýan pursatlaryna, ses bermegiň öňüsyrasynda saýlaw uçastoklarynda bolup, onuň barşyna, sesleriň sanalyşyna, şeýle hem saýlaw uçastoklary boýunça ses bermegiň netijeleriniň kesgitlenmegine hem-de umumy netijeleriň jemlenmegine gatnaşyp bilýärler.

Mundan başga-da, olar saýlaw möwsüminiň guramaçylyk derejesine, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň ýerine ýetirilişine, raýatlaryň erkinliginiň, saýlaw işleriniň demokratik esasda alnyp barlyşyna baha bererler.