img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “GADAMLY” GURY ÝÜK GÄMISINIŇ ILKINJI GATNAWYNA BADALGA BERDI

img
img
img
img

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyndan täze “Gadamly” gury ýük gämisi dabaraly ýagdaýda ilkinji gatnawyna ugradyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, gäminiň gurluşyk işleri geçen ýylyň ahyrynda tamamlanyldy we ol suwa goýberildi. Ähli işe goýberiş we sazlaýyş işleri tamamlanandan soň, ol Hazar deňziniň suw giňişligine ilkinji ýüzüşe çykarylyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäheriniň portuna tarap ugradyldy.

Täze gury ýük gämisi halkara standartlaryna laýyk gelýär. Onuň ýük göterijilik kuwwaty 6100 tonna deňdir. Gämi häzirki zaman nawigasiýa we ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edildi we onuň ekipažy 14 sany hünärmenden ybaratdyr.

“Gadamly” gury ýük gämisiniň ilkinji gatnawy hem-de täze tankerler, paromlar we beýleki gämiler bilen ýurduň deňiz flotunyň üstüniň ýetirilmegi ýurduň häzirki zaman söwda deňiz flotuny ösdürmek boýunça döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilýändigini görkezýär.