Türkmenistanyň “EKSPO-2025” sergisindäki pawilýonyna bir milliondan gowrak myhman gezelenç etdi

img
img
img
img
img
img

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyna bir milliondan gowrak adam baryp gördi.

Pawilýonyň üç gatly binasy mowzuklaýyn ýörelge boýunça gurlup, her bir gat Türkmenistanyň belli bir aýratynlygyny, tebigatyndan we taryhyndan başlap häzirki döwürde gazanan üstünliklerini hem-de medeni däplerini açyp görkezýär.

Guramaçylar pawilýonyň ýokary myhman kabul ediş derejesiniň ähmiýetini hem-de halklaryň özara düşünişmäge we tejribe alyşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler.

“EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisi 13-nji apreldan 13-nji oktýabra çenli Osakanyň Ýumesima emeli adasynda “Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary astynda geçirilýär.