Aşgabatda SPECA-nyň ykdysady forumy we dolandyryjy geňeşi geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Aşgabatda noýabr-dekabr aýlarynda SPECA-nyň ykdysady forumynyň, Dolandyryjy geňeşiniň 20-nji mejlisiniň we iş toparlarynyň duşuşyklarynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi baradaky hasabat berdi.
Bu çäreleriň 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. “SPECA günlerini” guramaçylykly geçirmek üçin degişli döwlet edaralary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň wekiliýeti we Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde ähli çäreleri taýýarlamak boýunça iş alyp barýarlar.
Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň hemişelik wekilhanasy we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde “SPECA günlerini” geçirmek üçin işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygyny belledi. Bu çärelere, SPECA-nyň agza döwletleriniň ýokary derejeli wekilleri, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýolbaşçylary, şeýle hem halkara guramalarynyň we BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň bilermenleri gatnaşar.
SPECA - BMG-niň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýeti üçin ýörite maksatnamasy bolup, bu maksatnamanyň esasy maksady – agza ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň dünýä ykdysadyýetine birleşmegini we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdyr. 1998-nji ýylda döredilen bu maksatnama, başda Gazagystan, Gyrgyzstan, Täjigistan we Özbegistan ýurtlary bilen başlanandan soňra, Owganystan, Azerbaýjan we Türkmenistan hem goşuldy.