TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASYNDA GEÇIRILEN TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ “MAGTYMGULY - DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ ÇÄRESI BARADA

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda 21.01.2025 ý. senede Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirildi.

Bu çärä Kiýew şäheriniň kitaphanalarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar we türkmen diasporanyň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem, Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew, Ukrainanyň Milli çagalar kitaphanasynyň müdiri Alla Gordiýenko, Kiýew şäherinde ýerleşýän Magtymguly adyndaky kitaphananyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ýuliýa Lopata we “AVIAZ” ukrain neşirýatynyň müdiri Wiktor Zelenskiý dagylar çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Ilçisi çärä gatnaşyjylara täze kitaň barada gürrüň berip, geçen ýyl Gündogaryň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreleriň köp sanlysynyň gurnalandygyny belläp geçdi. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi bilen baglylykda şeýle çäreleriň bu ýyl hem dowam etdirilýändigini habar berdi.

Bu babatynda täze neşiriň beýik türkmen şahyrynyň mirasyny mundan beýläk-de öwrenmekdäki ähmiýetiniň we ornunyň ýokarydygyny bellenildi. Hususan-da, “Magtymguly - dünýäniň akyldary” kitabynda şahyryň türkmen halkynyň taryhyndaky ähmiýeti we orny, dünýä edebiýatyna goşan goşandy barada giňişleýin maglumat berilýär. Kitapda akyldaryň durmuşyny we işini öwrenmek baradaky ylmy işler, şahyryň dünýä parahatçylygyny berkitmekdäki paýhasly pikirleriniň ähmiýeti, şeýle hem şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçen 2024-nji ýyldaky halkara wakalary görkezilýär.

Kitapda şahyryň özboluşly ussatlygy, paýhasly jümleleri, ata-babalarymyzdan miras galan ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, pelsepewi manyly döredilen eserler, barada dürli maglumatlar we pikirleri getirilýär.

Pyragynyň eserlerini ylmy esasda öwrenmegiň we okatmagyň usullary, “Magtymguly Pyragy mekdebiniň” türkmen edebiýatynyň ösmegine, döwürdeşleriniň we öwrenijileriň kemala gelmeginde tutýan orny we täsiri barada gürrüň berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny öňünden kesgitländigini, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly – “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň Magtymgulynyň umumyadamzat pikirleriniň BMG-niň tutuş dünýäde parahatçylyga esaslanýan maksatlaryna laýyk gelýändigini täze eserinde ýazýar. 

Tanyşdyryş dabarasynda çykyş eden kitaphananyň müdirleri we neşirýatçylar, Türkmenistanyň Prezidenti “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly täze kitabyny okandan soňra, medeniýetiň we umumyadamzat pikirleriň serhediniň ýokdugy baradaky pikirleri bilen paýlaşdylar.

Kitaphana müdirleri Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň ähmiýeti barada öz pikirlerini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen şahyrynyň pikirleriniň ýokary derejede ýaýratmakda uly işleriň geçirýändigini we bu ugurda neşiriň ähmiýetini bellediler. Täze kitabyň çagalaryň we ýaşlaryň bilim we terbiýeçilik işinde möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şahyryň ynsanperwer pikirleri babatyndaky bu kitabyň ukrain diline terjime edilip, hödürlenjekdigine umyt bildirdiler.

Tanyşdyryş dabarasynda Magtymgulynyň türkmen, ukrain we beýleki dillerdäki goşgulary ýygyndylary, şahyr-akyldar barada gözlegler kitaplarynyň sergisi geçirildi. Olaryň arasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň hem bolmagy gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Çärä gatnaşyjylara sergide şekillendiriş, bezeg we amaly-haşam eserleri, el halylary, aýal-gyzlaryň şaý-sepleri we esbaplary, milli türkmen saz-gurallary, dutar, gyjak, gopuz, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň we Baýram Han Türkmeniň suratlary geçirilen halylar hödürlendi.

Däp bolşy ýaly, Ilçihananyň çäresiniň çäginde milli saz guraly bolan dutarda dürli halk sazlary ýerine ýetirildi  we milli türkmen aşhanasynyň tagamlary hödürlendi.