Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň bellenmegi ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi

2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESСO) Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen kararnama laýyklykda, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň  2024-2025-nji ýyllarda UNESСO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy.

Bu waka dünýä edebiýatynda we halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan türkmen nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň eýeleýän möhüm ornunyň hem-de ähmiýetiniň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolup durýar.