img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GFR BILEN KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY BERKITMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

photo

2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýanyň Bundestagynyň deputaty Peter Baýeriň ýolbaşçylygyndaky nemes wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşykda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibine seredip geçdiler. Bu ugurda iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarda geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem tassyklanyldy. Saglygy goraýyş, sanlylaşdyrmak, oba hojalygy we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak pudaklary ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, R.Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparyny işjeňleşdirmegiň hem-de işewürlik forumlaryny guramak arkaly söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň möhümdigini belledi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky parlamentara gepleşiklere hem üns berildi.