TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2024-nji ýyl - Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Jemi 21 sany sport görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler
Küşt
Küşt oýny 32 sany gara we 32 sany ak, jemi 64 öýjükden ybarat bolan tagtanyň üstünde oýnalýan oýundyr. Küşt çöpleri iki topara bölünip, olar iki sany dürli reňkden ybarat bolýar – gara we ak. Her oýunçyda 16 çöp bolup, olaryň 8 sanysy “pyýada”, 2 sanysy “at”, 2 sanysy “pil”, 2 sanysy “ruh”, 1 sanysy “perz” we 1 sanysy “şa” çöpleridir. Olaryň ýerleşdirilýän ýeri her oýunda-da bir meňzeş bolýandyr. Resmi oýunlaryň ählisi hem ak çöpler bilen oýuna başlamagy we soň gezekleşip oýnamagy bilen dowam edýändir.
Küştüň dürli görnüşleri dört müň ýylldan bäri oýnalyp gelse-de, häzirki döwüriň küşt oýny takmynan XV asyrda döredildi. Aslynda bu oýun III asyrda Hindistanda döredilen “Şatranj” hindi oýunundan gözbaş alýar.
Gysga maglumatlar
Teoriýa taýdan küştiň 5,949 göçmesi mümkindir
Häzirki döwürde ulanylýan ak we gara öýjüklerden ybarat bolan küşt tagtasynyň ilkinjisi 1090-njy ýylda Ýewropada ýasaldy
Küşt Pars dilinde “Şa öldürildi” diýmegi aňladýan “Şah mat” jümlesinden gelip çykdy
Futzal
Futzal bu futbol oýunyna meňzeş bolup, az sanly agzadan düzülen görnüşinde tanalyp, topar we milli ýygyndylar üçin dünýä we Ýewropa Çempionaty bilen bilelikde, halkara futbol federasiýalar bilelişigi we Ýewropa futbol assosiasiýalary bileleşigi tarapyndan goldanylýar. Futzal sporty ilki bilen Günorta Amerika ýurtlary bolan Urugwaý we Brazilýa ýurtlarynda oýnalyp başlandy.
Futzal adatça, hokeý görnüşindäki üsti ýapyk tekiz meýdançada, dört top ölçeginde gysga aralykda bökmek arkaly oýnalýar. Bu gapdal tarapda ýerleşen çyzgylaryň aralygynda ähli oýunçylaryň bu meýdança erkin girmäge hukugy bolup, adam boýy belentlikden ýokarda topy geçirmek arkaly oýnalýar. Oýunlar her tapgyryň ýarysy üçin 20 minut dowam edip, rugsat berilen wagt boýunça sagadyň düzmek we togtatmak arkaly oýnalýar. Topa gözegçilik etmek we kiçi giňişlikden geçirmek, ýeriň üsti, top we oýnuň düzgünleri döredijiligiň we usulyň kämilleşmegine badalga berýär.
Gysga maglumatlar
Ýokary derejä eýe bolýan dünýädäki ähli (Barselona, Real Madrid, Çelsa, Mançester Ýunaýted we ş.m) toparlarda futzal oýnaýan ýaş oýunçylar bar.
Dünýaniň ähli ýokary derejeli oýunçylary futzal oýunyny oýnamakda kämilleşdiler we çykgynsyz ýagdaýlarda çalt depginde pikir edip bilmekde we ylgamak boýunça çalasynlyk ukybyny ösdürmekde bu oýunyň esasy orny eýeleýändigine göz ýetirdiler. Pele, Maradona, Messi, Kaka, Kawi, Ronaldo, Robunho, Ronaldinho we Fabreges oýunçylary ýaşlykdan futzal oýunyny oýanamak bilen kämilleşdiler.
Ilkinji Futzal boýunça dünýä Çempionaty 1982-nji ýylda Brazilýanyň San-Paulo şäherinde geçirildi we Brazilýa birinjiligi eýeledi.
Tennis
Ýaryşyjylar pökgisini raketka arkaly tordan geçirmek üçin gezekleşip urýarlar. Sportuň bu görnüşinde ýekeleýin (bire bir) we jübütleýin (iki ikä garşy) çäreler erkekler we aýallar üçin, şeýle hem garyşyk jübütler (her bir topar bir erkek we bir aýal oýunçydan ybarat) üçin gurnalýar.
Tennisde utuklar üýtgeşik “ söýgi”, “on bäş” we. ş.m. ýaly atlandyrylýar. Meýdançadan seredip, tomaşaçylar ýaryşyjylaryň göniden - göni duýgusyny duýup biler. Oýunçylaryň taktiki ukyby we oýunlaryň dowamyndaky dartgynly ýagdaý ruhyňy beýgeltýär.
Gysgaça mglumatlar
Dörtbuç meýdanlar 1875-nji ýylda Wimbledon üçin guruldy. Aslynda, bu meýdança sagat-aýna şekillidi.
Wimbledon çempionaty, dünýäde sportuň iň gadymy görnüşi bolup, bu abraýly sport hasap edilýär.
Taýboks
Taýboks Tailandyň göreş sporty bolup, dürli klinçiň usullaryny ulanmak bilen dik duryp söweşmek arkaly oýnalýar. Bu fiziki we aň taýdan kämil bolmagy talap edip, injekleriň birleşmegini öz içine alýanlygy sebäpli, “ sekiz uçluklaryň (eliň we aýagyň) sungaty” diýlip atlandyrylýar. Sebäbi, bu bedende ýumruklaryň, tirsekleriň, dyzlaryň, injikleriň bileleşmegi we fiziki taýdan gurbatly taýýarlykly bolmaklyk örän täsirli göreşiji bolmaga kömek edýär. Ýaryşda sekiz hüjümiň ulanylmagy söweşiň ýaragyny ulanmak diýmekdir. Olara ýumruklar, gylyçlar, tirsekler, urup girizmeklik, depmeklik, urmaklyk, dyzlar, ötgür hanjarlar girýär. Şeýle hem, bilegiň ýa-da goşaryň we injikleriň ulanylmagy söweşijiniň goranmaklygyny aňladýar.
Taýboks oýunyň boksçysy kellesine bag daňýar we eline sarag ýa-da daňy ulanýar. Bu oýun başlamazyndan öňürti Moňkol we Pra Jiad diýlip atlandyrypdyr. Moňkol göni terjime edilende, mukaddes ruh, üstünlik we gorag diýlip terjime edilip, bu ýurdyň oýunçysy tarapyndan geýilmegi abraýly hasaplanyp, Tailandyň taýboks söwejidigini aňladypdyr.
Gysga maglumatlar
Taýboksyň ýeke täk aýratynlygy onda saz bolup, ol “Sarama” diýlip atlandyrylýar. Bu söweş tapgyrlardan öňürti we tapgyryň dowamynda ýaňlanýar.
Häzirki wagtda taýboks söweşijileri boks elleklerine meňzeş kiçi elliklerini geýýärler. Emma geçmişde olar diňe goranmak üçin, kendir tanapyny we ýüpligini ýa-da pagta süýüminden elleriniň we kellesiniň daşyny sarapdyrlar.
Sambo
Sambo “Samooborona Bez Oruzhia" adalgasynyň gysgaldylan görnüşidir we ol “özüňi ýaragsyz goramak” diýmegi aňladýar. Bu ulgam Aziýanyň, Orta Gündogaryň we Ýewropanyň söweş sungaty sportlarynyň birnäçesiniň usullaryny we emellerini özünde jemleýär.
Başda bu sport “erkin göreş usuly” diýlip atlandyryldy. Soň “erkin göreş” diýlip atlandyrylyp, 1946-njy ýylda oňa Sambo ady berildi. Bu sportda zyňmak we gapmak?? rugsat edilýär. Atadça göreşijiler düşekde göreşýärkäler, gapmak tälimi el we aýak üçin ulanylýar. Sportda arkanlygyna açyk zyňmak arkaly, garşydaşy gapmak arkaly we utuklar arkaly ýeňiş gazanylýar. Sambo ýaryşyjylary adatça “kurtka” ýa-da “sambowka” atly gyzyl ýa-da gök eşik geýýärler.
Gysga maglumatlar
Göreşiň halkara federasiýasy Sambo sportuny 1966-njy ýylda halkara göreş sporty diýip kabul etdi
Dünýä SAMBO çempionatynyň ilkinjisi 1973-nji ýylda Tähranda geçirildi
Bu ulgam 2-nji jahan urşynda Sowet goşuny tarapyndan giňden ulanyldy
Kuraş
Kuraş sporty gadymy döwürde häzirki Özbekistanyň çäklerinde döredilip, söweş sungatynyň bir görnüşi bolup durýar. Ylmy barlaglaryň soňkularyna esaslanylsa, Kuraşyň ýaşy azyndan üç ýarym müň ýyla barabardyr.
Kuraş özbek sözi bolup “maksada adalatly ýetmek” diýmegi aňladýar. Kuraş döräninden bäri söweş sungaty hökmünde we dürli toý- baýramçylyklarynda sagalaň hökmünde ulanylýar.
Kuraş sportunyň düzgünine laýyklykda, ýerde hiç hili hereket etmek bolmaýar. Kuraş diňe dik ýagdaýda tutulmaly, emma garşydaşlara biri-birini zyňmak, aýaklaryna kakmak rugsat berilýär. Bu sportda el bilen gapmak, bogmak, depmek we bilden aşagyny gapmak tehnikalary gadagan edilýär. Gapyp agratmak, urmak, bilden aşagyna urmak, gapmak gadagan edilýär, emma bulara seretmezden bu sport örän gyzykly geçirilýändir.
Gysga maglumatlar
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinjisi 1999-njy ýylyň maý aýynda Özbekistanyň Daşkent şäherinde ulularyň arasyna geçirildi
Kuraş sportunyň ýörite lybasyna ak jalbar we holpuk erkek köýnegi degişlidir. Lybasyň esasy bolmaly zady bu garşydaşyň tutmagy üçin süýümden ýasalan guşak bolup durýar
Kuraş bäsleşigi azyndan 5 sm bolan we üç bölege bölünen ýörite düşekde geçirilýär
Ju-jitsu
"Ju" sözi “mylaýym, ýumşak, çeýe” ýaly sözlere, “jitsu” sözi bolsa “sungat” ýa-da “tehnika” diýmekligi aňladyp, goranýanyň öz güýjüni däl-de, garşydaşynyň güýjüni özüne özüne gönükdirmegi aňladýar. Ju-jitsu söweş sungaty feodal Ýaponiýanyň samuraýlary bilen söweşmek üçin ýaragly duşmandan ýarag ulanman ýa-da gysga ýarag bilen goranmak usuly hökmünde işlenilip düzülendir.
Başa-baş söweş sungatynyň şu görnüşi boýunça bäsleşýänler howpsuzlygy öňe sürýän düzgünleri, hereketleri we usullary ulanýarlar. Howply hereketleriň köpüsini, meselem, “gaýçy” usul bilen ýykmak, boýnundan gysyp saklamak we bogmak ýaly usullar ju-jitsu sportunda gadagan edilýändir.
Ýaryşlaryň ählisi 2 tapgyrdan ybarat bolup, her tapgyrda söweş 2 minut dowam edýär. Eger 2-nji tapgyrda hem garşydaşlar deňme-deň utuk gazansalar, onda ýeňijini kesgitlemek üçin 2 minut dowam edýän 3-nji tapgyr oýnalar. Eger şonda-da garşydaşlaryň utugy deň bolsa, onda tä ýeňiji kesgitlenýänçä, goşmaça 30 sekuntlyk tapgyr geçiriler.
Gysga maglumatlar
1973-nji ýylyň iýun aýynda ju-jitsu hukuk taýdan sport diýip, kabul edildi.
Gorag enjamlaryny, meselem, söweş ellikleri, aýakgaplary, diş goraýjylary we gasygy goraýjy eşigi hökmanydyr.
Bowling
Bowling “zyňylýan” sport görnüşi bolup, pökgi nyşanada düzülen “çüýşelere” tarap güýç bilen zyňylmaly we olary ýykmaly. Şoňa görä-de utuk gazanylýar. Bowling oýny üçin gadymy Müsürde bugdaý sypalyndan, , deriden we sapakdan ýasalan pökgi we farfor ulanylypdyr we bu oýun biziň eýýämimizden 3200 ýyl öňden bäri oýnalyp gelýär. Dünýä bowlingiň guramasy 1952-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-sinde Germaniýanyň Gamburg şäherinde esaslandyryldy.
Bowling 10 tapgyr oýnalýar we oýnuň maksady garşydaşlaryň her biiri öz gezeginde başardygyndan köp “çüýşeleri” ýykmakçy bolýar. .
Eger oýunda 300 utuk gazanylan bolsa, bu oýunyň iň gowy derejede oýnalandygyny aňladýar. Bu oýunçy 12 gezek yzly- yzyna ähli “çüýşeleri” ýykmagy başardy diýmekdir.
Gysga maglumatlar
1988-nji ýylda Koreýanyň Seul şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda bowling ýaryşy mahabatlandyrylýan sport hökmünde geçirildi.
Bowling pökgisiniň agramy on funtdan on alty funta çenli bolmalydyr we ululygy (töwereginiň uzynlygy) 12 dýumden uly bolmaly däldir.
Bowling üçin içerki ýodalaryň ilkinjisi 1840-njy ýylda Nýu Ýork şäherinde ýasaldy.
Welosport (trek)
Welosport tiz depginli we çekeleşikli ýaryş bolup, ol dürli toparly we ýeke täk şahslar üçin çäreleri öz içine alýar. Türgenler öz tizligini, güýjüni, çydamlylygyny we ýaryşmak usulyny 43 derejeli kenarýaka welotrek ýodasynda görkezmeli. Tomaşaçylaryň welotrege ýakynlygy we tigirçileriň tizligi täsir galdyryjy duýgyny döredýär galdyrýar. Sportuň şu görnüşi tizligi, usullary özünde jemleýär.
Sportuň welosport görnüşi iki sany giň derejä bölünýär. Olar sprint we çydamlylyk ýaryşlarydyr. Adatça ýaryşyjylar bir derejede ýaryşyp, ikinji derejede ýaryşmaýarlar.
Gysgaça maglumatlar
Welosport ýaryşy boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1893-nji ýylda Çikagoda geçirildi
Özüniň 122 ýyl taryhynda, sportuň bu görnüşiniň dünýä çempionatyna 23 döwlet gatnaşdy. Şol sanda Ýaponiýa, Kolumbiýa we Wenesuella döwletleri. Bu çäre Fransiýada 15 gezek geçirildi.
1896-njy ýyldan bäri Welotrek Olimpiýa sporty diýlip hasaplanylýar.
Suwda ýüzmek
“Gysga aralyk” adalgasy howuzyň uzynlygynyň 25 metrden ybaratdygyny aňlatmak üçin ulanylýar. “Gysga aralyk” FINA we howuzda geçirilýän ýaryşlaryň beýleki edaralar tarapyndan tanalan howuz aýratynlygynyň ikinji görnüşine degişli bolup durýar.
Zenanlar we erkekler 16 sany çärä, şol sanda hem estafeta we dört zolagly– erkin usulda ýüzmek, brass-öňin ýüzmek, arkan ýüzmek we “kebelek” usulda ýüzmek ýaryşlaryna gatnaşýarlar. Ýüzüjiler öňünden kesgitlenen usulda berlen aralygy ýüzüp geçýärler we iň gysga wagt ugrunda ýaryşýarlar. Tiz wagtda ýüzüp geçmek üçin, başlamak we öwrülmek usullary örän wajyp ýeri eýeleýärler.
Gysga maglumatlar
Adatça gysga aralyga ýüzmekde iň ýokary üstünliginiň gazanylan wagty (rekordy) uzak aralyga ýüzmekde gazanylan iň ýokary üstünligiň wagtyndan (rekordyndan) gysga bolýar. Bu tizligiň ulalmagyna sebäp bolýan diwardan “özüňi itmegiň” ulurak sany bilen baglanyşykly diýlip, çak edilýär.
Iň tiz we netijeli ýüzmek usuly erkin usul bolup durýar.
Basketbol 3x3
3x3 basketbol oýny üç agzadan ybarat bolan iki toparyň arasynda torly halkanyň bir sanysyndan ybarat bolan basketbol oýun meýdançasynyň ýarymynda oýnalýar. Bu oýun dünýä boýunça köçelerde, meýdançalarda, seýilgählerde we sport zallarynda giňden oýnalýar.
Topar azyndan üç agzadan ybarat bolup, her nobatda dörtden köp adam bolmaly däldir. Her oýun 10 minut dowam edip, 12 sekuntlyk düzgün berjaý edilýändir. Her topara 30 sekuntlyk arakesme berilýär, çyzygyň içinden durup torly halkadan geçirilen pökgileriň ählisi üçin 1 utuk, duga çyzgysynyň daşyndan durup geçirilse 2 utuk berilýär. Ilkinji bolup 21 utuk gazanan ýa-da 10 minudyň içinde has köp utuk gazanan topar ýeňiji diýlip hasaplanylýar.
3x3 basketbol oýnunyň esasy aýratynlygy onuň düzgün taýdan we gurnamak üçin gerekli zatlar taýdan ýönekeýligidir. Şonuň üçin hem bu oýuny dürli ýerde gurnap, geçirip bolýar.
Gysga maglumatlar
3x3 basketbol oýny 2010-njy ýylyň Ýaşlar Olimpiýa Oýunlarynda ilkinji gezek halkara derejesinde oýnaldy.
Internetdäki oýunçylar jemagatynyň we ýaryşlar torunyň “3x3Planet” platformasy 2012-nji ýylyň iýun aýynda işe girizildi.
Agyr atletika
Agyr atletika güýç derejesini görkezýän esasy synag bolup, onuň düzümine türgenleriň ştangany kellesinden ýokara götermek maşklary girýär. Agyr atletikanyň iki sany görnüş bolup, olar birden götermek we itip galdyrmakdyr. Birden götermek görnüşi ştangany ýerden kelläň ýokarsyna bir gezekde galdyrmagy öz içine alýar. Itip galdyrmak iki aýratyn hereketden, ýerden egniňe çenli , soňra kelläňden ýokara galdyrmagy öz içine alýar. Her bir görnüşi ýerine ýetirmek üçin türgenleriň üç synanyşygy bar. Her bir türgeniň birden götermek we itip galdyrmak synanyşygynda görkezen iň gowy netijesi onuň jemleýji ballyny kesgitlemek üçin goşulýar.
Türgenler agram derejesine laýyklykda, erkekler üçin sekiz derejä we aýallar üçin şonça derejä bölünýär. Türgeniň esasy üstünligi onuň güýjüne bagly, emma türgeniň hereketine,, tizligine, wagta, deňagramlylyga we çeýelige hem üns berilýär.
Gysgaça maglumatlar
Agyr atletika gadym döwürde Gresiýada döräp, ol erkekleriň güýjüni görkezýän esasy synag hasaplanypdyr
Agyr atletika boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1891-nji ýylda Britaniýada geçirilipdir
Ýaryş geçirilýän döwründe türgenler öz agramlyk derejesiniň üç essesine çenli göterip bilýär
Erkekleriň ýaryşynda ştanganyň agramy 20 kg. Aýallaryň ýaryşynda onuň agramy 15 kg
Ýeňil atletika
Ýeňil atletika türgenleri ýeňil atletika boýunça 13 çärä gatnaşýarlar. Bu bäsleşik öz içine birnäçe ýeňil atletika çärelerini, meselem uzak aralyga bökmegi, üçüdikläp bökmegi we ýokary bökmegi, şol sanda hem gysga, orta we uzak aralygy ylgap geçmegi we päsgelçilikli ýoldan ylgamagy alýar. Ýeňil atletika çäreleriniň köpüsi ýöriteleşdirilen enjamyň bolmagyny, fiziki aýratynlyklary synamagy talap etmeýär. Diňe agramlyk daşyny zyňmak ýaryşy ýapyk binada geçirilýär.
Gysga maglumatlar
Ýapyk binalarda dünýä oýunlary 1985-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirildi
Ylgamak sporty Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji ýaryşy boldy
Ýeňil atletika sportunyň köp görnüşleri müň ýyllardan bäri üýtgemän gelýär we häzirki döwürdede giňden oýnalýar
Taekwondo
Taekwondo bu koreý sözi bolup, ol “Aýaklaryň we elleriň usuly” diýmegi aňladýar. Pälwanlar garşydaşynyň göwresine we kellesine el bilen urmak we aýak bilen depmek arkaly utuk gazanýarlar- iň köp utuk gazanan pälwan ýaryşy ýeňýär. Takyklyk, kuwwatlyk we özüni saklap bilmek ukyby owadan we gadymy söweş sungatynyň hereketi bilen utgaşdyrylanda täsir galdyryjy ýaryşy emele getirýär.
Bu sport görnüşiniň esasy häsiýetnamasy garşydaşy hilegärlik we aldap hüjüm etmegi öz içine alýar. Başa - baş söweş sungatynyň bir bölegi bu garşydaşy takyk hüjüm arkaly ýykmakdyr. Ýaryşyjylar garşydaşlaryny ýykmak arkaly ýeňip bilýärler ýa-da düzgüni bozup oýundan çyralyp bilinýär. Eger-de üç tapgyrdan soň türgenleriň netijeleri deň bolsa, onda dördünji tapgyr jemleýji ýaryş hökmünde geçiriler.
Gysgaça maglumatlar
Taekwondo Korea döwletiniň milli sporty hökmünde ikinji jahan urşundan soňra bellenildi
Taekwondonyň ýörite lybasy “Dobok” diýip atlandyrylýar. Birinji derejeli türgene ak guşak berilýär. Türgeniň derejesiniň ýokarlanmagy bilen, onuň guşagynyň reňki hem üýtgeýär
Taekwondony Chuck Norris , Jean-Claude Van Damme, Tony Jaa ýaly aktýerlaryň kinolarynda görüp bolar
Tans sporty
Tans sporty diýip öňler ball tansynyň ýaryşyna aýdylýardy. Bu hili lezzetli çäräniň ady häzirki zamanda talap edilýän sporty aňlatmak üçin üýtgedildi.
Bu sporta mahsus aýratynlyklar fiziki güýçden, başarjaňlykdan, çalasynlykdan, sport taýdan ýokary derejeliliginden, topar hökmünde jebislikde işleşip bilmeginden we tans edilýän sazdan ybaratdyr. Çykyşyň täsirli bolmagy üçin sport artistlik ukyby bilen utgaşdyrylmalydyr.
Tans sporty bäş latyn we bäş kadaly tanslardan gözbaş alýar. Bu tasnlaryň her birinde tansçy jübüt özleriniň tansynyň hilini görkezmek üçin diňe bir degişli tehnikany görkezmän, eýsem güýjüni, deňagramlylygy saklap bilijiligini we beýleki emellerini görkezýärler.
Gysga maglumatlar
Ýigriminji asyryň başynda Fransuz işewürleri ball zallaryny ýaryş desgalaryna öwürip, ýaryş hökmünde geçirenlerinden başlap, tans sport diýlip hasap edilip başlanyldy.
Bu 2000-nji ýylyň Sidneý Olimpiýa Oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda geçirildi.
2013-nji ýylda Taipeiň Kaohsiung şäherinde Dünýä tans sporty oýunlarynyň ilkinjisi geçirildi
Kik-boksing
Kik-boksing bu söweş sungatyna degişli sport görnüşi bolup, onda ýaryşyjylar ýörite boks elliklerini geýip boks sportundaky ýaly ýumruklaşmaly we açyk aýaklary bilen karate sportundaky ýaly depmek usullaryny ulanýarlar. Kik-boksing sport görnüşini ilkinji bolup karate bilen taýboksy garyşdyryp, Ýapon karatisti gurnady.
Garşydaşlar biri-biri bilen ýumruklaşyp, depişip, bilinden ýokarsyna depip bilýärler. Olara tirsegini we dyzyny ulanmak gadagan edilýär, emma injigi ulanmak kä halatlarda rugsat edilýär. Garşydaşlara söýenişip uruşmak, biri-birini zyňyp urmak gadagan edilýär. Adatça çäre 3 tapgyrdan 12 tapgyra çenli dowam edýär we tapgyrlaryň arasynda 1 minutlyk arakesme berilýär.
Guşakly göreş
Guşakly göreş milli göreşiň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Bu görnüş taryhda ýazga girizilen sportlaryň biridir. Guşakly göreşiň garşydaşlary biri-birini guşagyndan tutup, ýykmak ugrunda ýaryşýarlar.
Guşakly göreşiň birnäçe görnüşini kadalaşdyrmak maksady bilen, 2011-nji ýylda esaslanylan Halkara guşakly göreş birleşigi degişli düzgünleri we ýörite lybaslary kada girizdiler.
Häzirki döwürde guşakly göreşiň bäş sany ýaş ýagny, ýaşy kiçiler, ýaşlar, talyplar, ýaşy ulular we weteranlar we 12 sany (erkekler üçin 7 we zenanlar üçin 5) agyrlyk derejeleri boýunça birnäçe görnüşleri bardyr: erkin usul, nusgawy usul, zenanlaryň guşakly göreşi, kenarýaka guşakly göreş, garda guşakly göreş.
Sport göreşi
Göreş sportuň başa -baş söweş görnüşi bolup, ol aýlawly halkada, hiç hili enjamy we goragly guraly ulanmazdan alnyp barylýar. Göreşiň erkin usulynda pälwanlar ähli bedenini ulanyp bilýär. Bu öz gezeginde tiz hereket etmäge we söweşmäge mümkinçilik berýär. Garşydaşyň deňagramlylygyny bozmak we ony ýatyrmak üçin pälwanlar tiz hereketleriň dürlüsini ulanýar. Göreşiň Greko-Roman görnüşinde garşydaşyň guşaklykdan aşagyna hüjüm etmek gadagan edilýär. Şol sebäpli şu ýaryşda pälwanlar garşydaşynyň guşaklygyndan ýokarsyny tutup, zyňmak ýaly güýçli usullary ulanýar.
Asyrlardan bäri dowam edip gelýän we soňky döwürde ýokary depginde ösýän sportuň bu görnüşi hereket , çydamlylyk we kuwwatlylyk häsiýetleriniň ählisini öz içine alýar. Onda türgenler guralsyz we urgusyz, paýhaslylyk bilen ýaryşýar we adyl düzgünleri ulanýar.
Gysgaça maglumatlar
Göreş sportuň dünýä ýüzündäki iň gadymylarynyň biridir. Gowakdan tapylan çyzgylar sportuň bu görnüşiniň 3000 ýyl mundan ozal hem bolandygyny sypatlandyrýar.
Orta asyrlarda göreş Angliýa, Ýaponiýa we Fransiýa döwletleriniň patyşa maşgalalarynyň arasynda meşhur bolupdyr
Bilýard sporty
Bilýard üç sporty özünde jemleýär, ýagny stol üsti, karambol we snuker.
Karambol bilýardy torjagazy bolmadyk we adatça 10 fut uzynlykly stolda oýnalýar we başlamak çyzygyny, göni çyzygy, karambol ýassyjagyny, artistik bilýardy we dört şary öz içine alýar.
Stol üsti bilýarda adatda alty torjagazy bolan, 7, 8 ýa-da 9 fut uzynlykly bilýard stolunda oýnalýan bilýardlaryň birnäçesi degişlidir. Şol sanda hem bilýard sportuna beýleki sekiz-şar (dünýäde giňden oýnalýan kiý sporty), dokuz-şar (hünärmenlik oýny) on-şar, göni stol, bir torjagaz we kenar bilýardy degişlidir.
Snuker we iňlis bilýardyna alty sany torjagazy bolan “snuker” atly stolda oýnalýan oýunlar degişlidir. Beýleki kiý sportlarynyň aýratyn medeniýeti we adalgasy olaryň oýnuny häsiýetlendirýär.
Gysga maglumatlar
Stol üsti, snuker we karambol sportyny özünde jemleýän “bilýar” derejesi 2005-nji ýylyň Dünýä oýunlarynda we 2006-njy ýylyň Aziýa oýunlarynda geçirildi
Bu üç görnüş bir “saýawan” guramasyna 1990-njy ýylyň awgustynda birleşdirildi.
Atçylyk sporty
Atçylyk sportunda erkekler we zenanlar biri-biri bilen oýun meýdançasynda ýaryşýarlar. Üstünligiň esasy görkezijisi fiziki güýç bolman, tehniki usullar bolup durýar. Çapyksuwaryň we atyň ikisiniň hem ukyplylygy ýeňiji bolmak üçin möhüm bolup durýar we bäsleşikde atyň ýeterlik derejä ýetip bilmegi üçin ony taýýarlamaga örän köp wagt talap edilýär. Muňa aýratynlykda we toparlaýyn bäsleşmek girýär.
Çapyksuwarlar öz atlary bilen ysnyşykly iş salyşýarlar we olaryň ýaryşda özlerini alyp barmagy atyň hem çapyksuwaryň ukyplaryny bilelikde we sazlaşykly ulanyp bilmeginiň görkezijisi bolup durýar. Çapyksuwar atyň başarjaňlygyny ýüze çykarmaga, at bolsa oňa jogap bermäge ymtylýar.
Tomaşaçylara niýetlenilen çykyşlar çapyksuwaryň aty bilen aragatnaşmagy, päsgelçilikden böküp geçmegi we topar hökmünde jebislikde ýaryşmagy öz içine alýar.
Gysga maglumatlar
Adamlar bilen atlaryň iş salyşmagy gadymy Hytaýyň, Ýegipetiň we Pars siwilizasiýalaryndan gözbaş alýar.
Gadymy Olimpiýa oýunlarynda atlar iki tekerli araba çatylan atlaryň çapyşyklarynda ulanylýardylar
Atçylyk sporty, ýagny konkur 1900-njy ýylda geçirilen Pariž Oýunlarynda Olimpiýa sporty hökmünde geçirildi
Türkmen milli göreşi
Milli göreşiň guşagy ulanmaga we ulanmazlyga baglylykda üç emeli bardyr: guşakdan tutup (yzygiderli guşagy goýbermän), guşagy goýberip (guşakdan erkin tutup) we guşakdan tutman göreşmek. Bu emelleriň ählisinde hem aýaklary ulanmaga rugsat edilýär, emma guşakdan tutup göreşmekde göwräniň ýokary bölegini ulanmak rugsat edilýär.
Milli göreşleriň hijisinde hem göreş aýakgabyny geýmek rugsat edilmeýär.