AŞGABATDA “AGRO PACK” WE “FOOD TURKMENISTAN 2026” HALKARA SERGILERI GEÇIRILER
2026-njy ýylyň 12–14-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherinde “Agro Pack Turkmenistan 2026” atly halkara ýöriteleşdirilen sergi hem-de “Food Turkmenistan 2026” halkara sergisi geçiriler.
Sergileriň çäginde azyk we içgi önümlerini öndürmek üçin niýetlenen enjamlar, gaplama maşynlary we serişdeleri, azyk önümlerini we iýmit goşundylaryny, şeýle hem çörek önümleriniň tehnologiýalaryny we myhmanhana-hojalyk ulgamy üçin niýetlenen döwrebap çözgütler görkeziler.
Şeýle-de sergide ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlarynda alnyp barylýan işleri, däne saklaýyş we degirmen ulgamlary, guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlar, dökünler hem-de suwarmak ulgamlary bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.