TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPON KOMPANIÝALARY BILEN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGI TEKLIP ETDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Tokioda Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça teklipler beýan edildi.
Teklipler suw üpjünçiligi, suwy arassalamak, galyndylary dolandyrmak, “ýaşyl” we wodorod energetikasy, ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek ýaly ugurlary öz içine alýar.
Duşuşyga ýapon tarapyndan Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, “Mitsubishi Corporation”, “Sumitomo Corporation”, “Komatsu Ltd.”, “Toyo Engineering Corporation”, “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.”, “Sanko Seiko Co. Ltd.”, “Muroosystems Corporation”, “Tokyo Boeki Eurasia Limited”, “Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.”, “Sumitomo Heavy Industries Ltd.”, “Tohkemy Corporation”, “ITOCHU Corporation” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda işewürler Ýaponiýa Türkmenistany ýokary tehnologiýalary, ykdysady ösüşe innowasion çemeleşmäni, senagat kuwwatyny hem-de ekologiýa jogapkärçiligini sazlaşykly utgaşdyrýan ýurt hökmünde görülýändigini bellediler.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň kuwwatyny artdyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berip, olary agzalan ugurlarda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda işewürler Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Ýaponiýa saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirip, ýapon kompaniýalarynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mundan beýläk-de tagalla etjekdiklerine ynandyrdylar.
Şeýle-de, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen Tokioda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga we Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy Endo Toşiaki bilen hem duşuşyklary geçirdi.