Türkmenistan Haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
06.11.2025 ý. türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak boýunça beren tabşyrygyndan ugur alnyp, goňşy ýurda Gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.
Mälim bolşy ýaly, kabul edilen ynsanperwer çözgütden ugur alnyp, Owganystana derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden ybarat bolan ýükleri ugratmak dabarasy türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden we dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri esasynda guraldy. Kyn günde hemaýat bermek, doganlyk goluny uzatmak, türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir. Munuň özi ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege goldaw bermek ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändigini görkezýär. Bu kömek köpsanly şikes ýetmelerine we uly weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy goldawdyr. Munuň özi goňşy ýurduň halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň aýdyň nyşanydyr.