TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GÜNORTA GAZ GEÇELGESINIŇ MASLAHAT BERIŞ GEŇEŞINIŇ ÇÄGINDÄKI 11-NJI MINISTRLER MEJLISINE GATNAŞDY

photo

2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Baku şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti Günorta gaz geçelgesiniň Maslahat beriş geňeşiniň çägindäki 11-nji ministrler mejlisine gatnaşdy.

Çykyş edenler Günorta gaz geçelgesiniň häzirki ählumumy geosyýasy şertlerinde Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler.

Mundan başga-da, «Trans Adriatik» turbageçirijisi arkaly gaz üpjünçiliginiň mukdaryny artdyrmak, şeýle hem Ýewropa käbir ýurtlaryna – Günorta-Gündogar we Merkezi Ýewropa döwletlerine gazy eksport etmegiň mümkinçiligi ýaly Günorta gaz geçelgesiniň infrastrukturasyny giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Hazar deňzinde ýerleşdiriljek ýel elektrik stansiýalaryny goşmak bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa taslamalary barada pikir alyşmalar geçirildi.

Çäräniň dowamynda ýaşyl energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen resminamalara hem gol çekildi.