Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi

img
img
img
img

22-nji martda Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.

Bu dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem halk köpçüligi işjeň gatnaşdylar.

Ählihalk bag ekmek çäresi jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge ýardam berýär. Ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler halkyň abadan durmuşynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Türkmenistanda tokaý zolaklarynyň çäkleriniň giňeldilmegine we onuň tebigatynyň biologik köpdürliliginiň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.