Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda «Merkezi Aziýa – ÝB» formatyndaky ilkinji sammiti taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikela bilen duşuşdy. Duşuşykda hyzmatdaşlygyň ösmeginde esasy şert bolup durýan öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklaryň, hususan-da, «Merkezi Aziýa – ÝB» formatyndaky ilkinji sammitiň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle-de Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa – ÝB» formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşyga taýýarlyk görmek işlerine deglip geçildi. Bu duşuşyk 12-nji martda Ýozef Sikelanyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde geçirildi.
Diplomatlar duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Taraplar «Türkmenistan – ÝB» bilelikdäki komitetini, Parlamentara dialogyny, Adam hukuklary boýunça dialogy we beýlekileri nazara almak bilen, bilelikdäki gurallaryň netijelidigini bellediler.
Durmuş-ykdysady ugrundaky gatnaşyklary iş ýüzünde ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Söwda gatnaşyklaryny, ulag arabaglanyşygyny, energetika howpsuzlygyny, innowasiýa we maýa goýum işlerini ösdürmek babatyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, ÝB-niň «Global Gateway» başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi boýunça pikir alşyldy.
Taraplar hereket edýän we geljekki ýöriteleşdirilen taslamalara we maksatnamalara, şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen baglanyşykly işlerde ÝB-niň bilermenleriniň tejribesinden peýdalanmak meselelerine garadylar.
Mundan başga-da, diplomatlar ekologiýa howpsuzlygyny goramak, metanyň zyňyndylaryny azaltmak hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatyndaky bilelikdäki işleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Bilim we ylym pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy.