21-NJI FEWRALDA TUTUŞ DÜNÝÄDA HALKARA ENE DILI GÜNI BELLENILÝÄR

photo

Türkmen dili iň gadymy türk dillerinden biridir. Muňa ýazuw ýadygärlikleriň köpüsi şaýatlyk edýär. Türkmen edebiýatynyň ajaýyp eserleriniň hatarynda “Görogly” we “Gorkut ata” eposlarynyň bolup, olar diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem Gündogaryň beýleki halklarynyň hem bahasyna ýetip bolmajak hazynasy öwrülipdir. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde aýratyn orun tutýan türkmen dilinde diňe türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlary däl, eýsem uzak Müsürde ýaşan şahyr Saif Saraý hem ýazylypdyr.

Altyn asyryň türkmen poeziýasynyň nusgawy şahyrlary bolan Magtymguly, Mollanepes, Kemine, Seýdi, Zelili we başga-da köp sanly şahyrlarm hem-de olaryň olaryň yzyna eýerijiler ene dilini baýlaşdyrypdyrlar we kämilleşdirdipdirler. Türkmenleriň şahyrana dilini sözleýiş sözüne has ýakynlaşdyrmak bilen Magtymguly Pyragy hakykatdan hem türkmen diliniň häzirki zaman edebi kadasynyň düýbüni tutujy hasaplanylýar.

Türkmen dili Oguz dil toparyna degişli bolup, ony beýleki türk dillerinden tapawutlandyrýan aýratynlyklara eýedir.

Türkmen dili 40-dan gowrak şiweden ybarat. Bu diliň ýene bir aýratynlygy, käbir sözleriň aýdylyşy bilen söhbetdeşiňiziň haýsy welaýatdandygyny derrew kesgitläp bolýar.

Dil halklaryň milli özboluşlylygyny we bir milletiň aýrylmaz aýratynlygyny kesgitleýji faktor bolup durýandygyny bilýäris.