TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MALAÝZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi.

Malaýziýanyň DIM-niň ýolbaşçysy mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandaryň we Premýer-ministri Dato Seri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu sapara Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjek möhüm tapgyr hökmünde garalýandygyny belledi hem-de dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny we halkara derejede öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan ýakyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini nygtady.

Taraplar söwda-ykdysady ulgamda netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň alnyp barylýandygyny nygtadylar. Nebitgaz pudagyna üns çekilip, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde «Petronas» kompaniýasynyň goşýan uly goşandy aýratyn bellenildi. Malaýziýa kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmagyň taslamalaryna gatnaşýandygy, nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işleri alyp barýandygy bellenildi.

Duşuşygyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan saparlaryň möhüm orny nygtaldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu babatda şu ýylyň ahyrynda Malaýziýa amala aşyryljak saparyň ähmiýetini nygtap, onuň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň daşary işler ministri birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.