TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISI UKRAINANYŇ W.N.KARAZIN ADYNDAKY HARKOW DÖWLET UNIWERSITETINIŇ PROREKTORY BILEN DUŞUŞDY

2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Ilçi Toýly Ataýewiň Ukrainanyň W.N.Karazin adyndaky Harkow döwlet uniwersitetiniň ylmy-mugallymçylyk işleri boýunça prorektory Zarif Nazyrow bilen duşuşygy geçirildi.

Uniwersitetiň prorektory Ukrainanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň hatarynda duran  bu ýokary okuw jaýynyň gurluşy we işi, şol sanda halkara bilimini ösdürmek, şeýle hem okuw prosesini guramagyň aýratynlyklary, okuw jaýynyň işiniň esasy ýörelgeleri we halkara maksatnamalary barada aýdyp, bu ugurda prorektor birnäçe daşary ýurt uniwersitetleri bilen “iki diplom” programmalaryny ornaşdyrmaga ünsüň berilýändigini belledi.

Uniwersitetiň prorektory ozal uniwersitetde türkmen talyplarynyň sanynyň gaty köpdügini belläp, W.N.Karazin uniwersitetiniň Türkmenistandan dalaşgärleriň sanyny artdyrmak islegleriniň bardygyny we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki zaman bilimleri we tejribe alyşmak, medeniýetara aragatnaşygy guramak we ýokary okuw jaýlarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada hem pikir alyşdylar.