TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISINIŇ UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Toýly Ataýewiň Ukrainanyň Daşary işler ministriniň Birinji orunbasary Andreý Sibiga bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we bu gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn söwda dolanşygynyň mukdaryny artdyrmak mümkinçiliginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.