KIÝEW ŞÄHERINDE “PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY” ÝUBILEÝ ÝYLYNA BAGYŞLANAN SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Kiýew şäheriniň “Golliwud” sport toplumynda türkmen ýaşlarynyň gatnaşmagynda sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge gönükdirilen sport çäresini gurnady.

Türkmen ýaşlary bu sport çäräni “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçýän hem-de görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylyna gabatlap geçirdiler.

Çäräniň dowamynda türkmen ýaşlary diňe bir özleriniň fiziki we beden taýdan taýýarlyklaryny görkezmän, eýsem ylgamak,  turnikde we brýusda özüňi çekmek, ştanga götermek we agyr atletikanyň beýleki görnüşleri boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler we özara ýaryşlary guradylar.

Gatnaşyjylaryň arasynda MMA söweşijisi, sportuň jiu-jitsu boýunça Ukrainanyň sebit çempionatynyň ýeňijisi Harkow Politehniki institutynyň talyby Babageldi Halymow özüniň sport türgenleşigini görkezdi. Ol sportuň görnüşleri boýunça dürli göreş usullaryny görkezdi we gatnaşyjylar bilen professional tejribesini paýlaşdy.

Şeýlelik bilen, ýaşlarymyz sport medeniýetini, sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge işjeň gatnaşýandyklaryny we temmäki garşy hereketi goldamak barada Döwletimiziň başlangyçlaryny goldaýandyklaryny görkezdiler. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany” durmuşa geçirmek ugrunda maksadaokgunly işler alnyp barylýar.