TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGY - LONDON
2024-nji ýyl - Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
SOŇKY HABARLAR
Ýaponiýada Türkmenistanyň tanyşdyrylşy geçirildi
2016-njy ýylyň 12-nji fewralynda Ýaponiýada, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşalanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy esasynda we 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň tanyşdyrylşy geçirildi. Çärä Syýahatçylyk agentlikleriniň ýapon assosiasiýasynyň (JATA) we Ýaponiýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleriniň topary gatnaşdylar. Gatnaşyjylar...
Kiýewde Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan halkara konferensiýasy geçirildi
2015-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik Akademiýasy bilen bilelikde Bitaraplyk we Parahatçylyk ýylyna bagyşlap we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň daşary syýasaty howpsuzlygyň we durnuklylygyň şertidir» atly Halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirdi.Ukrainanyň Diplomatik Akademiýasynyň maslahatlar otagynda geçirilen Halkara forumynyň açylyş dabarasyna Ukrainanyň Daşary işler ministri P...
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Bitaraplygyň 20-ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi
2015-nji ýylyň 12-nji martynda Nýü-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Bitaraplygyň 20-ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Onuň işine Nýü-Ýorkda wagtlaýyn ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary, ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary hem-de ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Astanada “Bitaraplygyň 20 ýyllygy – Türkmenistanyň taryhy saýlawy” atly tegelek stoly geçirildi
2015-nji ýylyň 10-njy martynda Astanada L.I.Gumilew adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetinde «Bitaraplygyň 20 ýyllygy – Türkmenistanyň taryhy saýlawy» atly halkara tegelek stoly geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçihanasy hem-de L.I.Gumilew adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersiteti bilen bilelikde guramagynda geçirildi.