TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTANYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRDI

2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň arasynda duşuşyk geçirildi.  

Milli Liderimiz myhman bilen salamlaşyp, Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Biz geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklara sarpa goýýarys hem-de olary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürmäge uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de iki goňşy ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip hem-de Gazagystanda Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyza Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklaryň derejesine we ösüş depginine ýokary baha berildi, özara gatnaşyklaryň köp ugurlary, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklar boýunça pikir alşyldy.

Döwletara ykdysady taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmäge hem-de söwda-ykdysady we ulag-logistika, energetika, oba hojalygy ýaly strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berildi.

Biziň ýurdumyz «Açyk gapylar» we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýär, sebitiň hem-de dünýäniň döwletleri üçin ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça netijeli çäreleri görýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzir hereket edýän «Demirgazyk - Günorta» transmilli demir ýolunyň wajypdygy hem-de türkmen tarapynyň häzirki zaman Türkmenbaşy - Gazagystan awtomobil ýoluny gurmak baradaky täze başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu ýol hem ýakyn geljekde goňşy ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygynyň, ýolagçy gatnawlarynyň we ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Serhetýaka hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda, goňşy döwletleriň üstaşyr kuwwatyny artdyrmak, Türkmenistanyň işjeň öňe sürýän energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek meseleleri barada durlup geçildi. Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmegiň çäklerinde tagallalary birleşdirmek işinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ekologiýa ulgamynyň hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Bu ulgamda Türkmenistan we Gazagystan, hususan-da, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle hem Hazar meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin biziň ýurtlarymyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp, bu babatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň möhüm ornuny belledi.

Täze bilelikdäki taslamalary, şol sanda gazhimiýa ulgamynda, türkmen gazyny Gazagystanyň içerki bazarlaryna ibermekde, obasenagat toplumynda taslamalary durmuşa geçirmäge, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi.

Şeýle hem ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek barada gürrüň edildi. Ylym we bilim, medeniýet hem-de sport ugurlary boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi.

Askar Mamin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu aýda bellenilýän ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.