TÜRKMENISTAN – BMG: ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmekde hyzmatdaşlyk

«Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň 2019-njy ýyl üçin adam ösüşi boýunça Bütindünýä hasabaty bilen tanyşdyryldy. Foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda hasabatyň esasy netijeleri, soňky 10 ýylda ýurdumyzyň gazanan ösüşi, şeýle hem durnukly ösüşe ýardam etmekde BMGÖM-niň orny hakynda teswirlemeler bilen tanyşdyryldy.

Bilermenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasaty netijesinde Türkmenistany adam ösüşiniň ýokary derejesi tapawutlandyrýar. Ähli amala aşyrylýan giň gerimli döwlet maksatnamalary we durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň durnukly ösmegine, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetmäge gönükdirilendir.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, türkmen Lideri döwleti ösdürmegiň demokratik ýörelgeleriniň yzygiderli berkidilmegine we artdyrylmagyna hemişe üns berýär, şol ýörelgeler kanunyň hökmürowanlygyna hem-de adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine esaslanýar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin dünýäniň Gün Tertibini amala aşyrmak boýunça guramanyň işine giňden gatnaşmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

EKOSOS-nyň Syýasy Forumynyň çäklerinde geçen ýylyň iýulynda Nýu-Ýorkda tanyşdyrylan Durnukly ösüşiň maksatlary boýunça Türkmenistanyň birinji Meýletin milli syny hem munuň nobatdaky subutnamasy bolup, ol BMG-niň strategiýalaryny ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzyň toplan tejribesini aýdyň görkezdi.