Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli uly baýramçylyk konserti boldy.

Bu sene milletler bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň dünýäde we sebitde, döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylyk medeniýetiniň tassyklanylmagynyň möhüm şerti hökmünde ykrar edilendigini alamatlandyrýar.

Ol şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatik işiniň beýik üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň kabul eden gününi dünýä möçberindäki baýramçylyk hökmünde yglan etdi.

Şu gün Mukamlar köşgüne Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Aşgabatda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri, ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti şanly sene mynasybetli ýaňlanan joşgunly waspnama bilen açyldy. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Arkadagly ýurduň Bitaraplygy» diýen aýdym belent ýaňlandy.

Soňra «Parahatçylyk buşlukçysy» diýen edebi aýdym-sazly kompozisiýa boldy. Ol çagalar we ýaşlar toparlarynyň gatnaşmagynda «Güneş» çagalar hor topary, «Aşgabat», «Aýjan», «Ruhubelent çagalar» we «Joşgun» tans toparlary tarapyndan ýerine ýetirildi.

Belentden-belent äheň bilen badalga alan sazly tomaşanyň maksatnamasyna ýurdumyzyň belli artistleriniň we ýaş meşhur aýdymçylarynyň çykyşlary girizildi. Dürli halklaryň halk aýdymlarynyň, sazlarynyň we tanslarynyň bir bitewülige utgaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň binýadyny emele getirýän oňyn bitaraplygyň halklaryň dostlugyna gönükdirilen häsiýetiniň beýanyna öwrülen ajaýyp sungat öwüşginini çaýdy.

Şeýlelikde, «Mukam» skripkaçylar toparynyň zehinleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Arirang» koreý halk aýdymyny tomaşaçylara bagyşladylar. Ondan soňra şahyranalyga we şadyýanlyga, sazlaşyga beslenip aýdylan eýran, ýapon, owgan, hytaý, arap, hindi, türk, iňlis, nemes, italýan, ispan, fransuz aýdymlary gülzarly ajaýyp sungat sährasyny ýatlatdy.

Olar misli kaleýdoskopdaky ýaly, dünýäniň dürli medeniýetleriniň aýdym-saz gymmatlyklarynyň haýran galdyryjy owazly keşbini emele getirdiler.

Akapella topary tarapyndan ýerine ýetirilen bütin dünýäde meşhur «Suliko» gruzin halk aýdymy hem diňleýjileriň göwnünden turdy. Ýaş aýdymçylar topary bu aýdymyň sözlerine we sazyna siňdirilen röwşen duýgulary inçelik bilen märekäniň kalbyna siňdirdi.

Soňra bütin dünýäniň owazlary ýaňlanýan çykyşlarda «Köne güzer» türkmen halk aýdymy ýerine ýetirildi. Ol belent gaýaly jülgelerden gaýdýan çeşmäniň soňra barha gujura we depgine eýe bolup, jülgeleriň gaýalarynyň arasyndan çasly akýan derýa öwrülip akyşyny ýatladýar. Ondan soňra ýerine ýetirilen «Kalinka» rus aýdymy her bir adamda tans oýnamaga höwes döredýär.

Folklor äheňinde ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar moldawan, täjik, gazak, ukrain, azerbaýjan, gyrgyz, ermeni, belarus aýdymlary bilen dowam etdirildi. «Lazgi» özbek tansy hemmelerde aýratyn ruhubelentlik döretdi. Häzirki wagtda bu tans, beýleki folklor eserleri bilen birlikde biziň ýurdumyzyň halyçylyk sungatynyň däpleri bilen bir hatarda, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu halkara guramanyň garamagyna hödürlenildi.

«Galkynyş», «Näzli», «Laçyn», «Meňli», «Miras» we beýleki tans toparlary biri-birini çalşyp, ajaýyp sahna görnüşlerini emele getirdiler. Balkan welaýatynyň «Dehistan» tans topary dünýä derejesinde adamzat medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar edilen joşgunly küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gyzykly syýahata öwrülen bu konsert Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň oňyn syýasatynyň açyklygyny, köp ugurlylygyny beýan etdi hem-de ýurtlaryň we halklaryň birek-birege ynam we özara baýlaşdyrmak babatynda gatnaşyklarynda medeniýetiň, sungatyň ornuny ýene bir gezek äşgär etdi.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň belli estrada aýdymçylary hem-de konserte gatnaşyjylaryň ählisi bilelikde «Arkadagly ýurdum baky Bitarap!» atly aýdymy ýerine ýetirdiler, bu aýdymda çuňňur watançylyk, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşli we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyza buýsanç duýgulary ýaňlandy.