GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýerkebulan Sapiýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatiki gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň, maýa goýum hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereketleriniň ösdürilmegi bilen birlikde derwaýys meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn saparlaryň türkmen-gazak gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ähmiýetli goşant goşýandygy bellenilip geçildi. 

Türkmen tarapynyň bu jogapkärli diplomatik wezipesine bellenilmegi bilen bagly mährili gutlaglary we ýakymly arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, E.Sapiýew Türkmenistanyň Gazagystanyň dostlukly hem-de strategiki taýdan wajyp hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Diplomat ýurtlaryň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem giňeldiljekdigine ynam bildirdi we iki döwletiň hem-de halkyň bagtyýarlygy üçin özüniň Türkmenistandaky wezipesiniň önjeýli durmuşa geçirilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekow hem gatnaşdy.