TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HGHK-Ň WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) ştab-kwartirasynyň Balkan, Gündogar Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky amallar boýunça utgaşdyryjysy j-p Nikolýa Flýoriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda HGHK-ň dünýädäki we sebitdäki häzirki alyp barýan işlerine gysgaça syn geçirildi. Soňra, taraplar global we sebitleýin ynsanperwer häsiýetli meseleler barada pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen HGHK-ň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň meýilnamalarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de olaryň ýerine ýetirilşi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem iki tarapda hem gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň bar bolan hem-de geljekgi bolup biljek ugurlaryna seretdiler.