TÜRKMENISTANYŇ DIM-nde OMAN SOLTANLYGYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Ankara şäheri) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasim Mohamad Salim Al-Salhini bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Oman Soltanlygynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy gatnaşyklary ösdürmäge, ykdysady özara hereketleri işjeňleşdirmäge, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça türkmen-oman hyzmatdaşlygyny ýaýbaňlandyrmaga meýil bildirýändiklerini mälim etdiler.