TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE EYR-NYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Saýed Mohammed Ahmadi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar iki doganlyk ýurduň Prezidentleri tarapyndan durmuşa geçirilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösüşi bellenilip geçildi.

Iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň netijeli hyzmatdaşlygy hakynda gürrüň etmek bilen taraplar EYR-nyň Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň Türkmenistana boljak saparyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.