Berlinde Nowruzyň baýram ediliş däpleri bilen tanyşdyryldy

24-nji martda Berliniň Bolle Festsäle taryhy binasynda Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabara boldy. Germaniýanyň Fedearl hökünetiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça Wekiliniň, “Berliniň Etnologiýa muzeýiniň dostlary birleşiginiň”, şeýle hem “Gumbolt forumynyň” goldamagynda gurnalan çärä Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Türkiýäniň ilçihanalary hem-de şol ýurtlaryň Germaniýada kowçum ýaşaýan milletleriniň wekilleri we talyplary gatnaşdylar. 

Baýramçylyk dabarasyna GFR-yň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurtda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, ylym we medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. 

Nowruzy baýram edýän döwletleriň wekilleriniň guran bölümlerinde bu halklaryň taryhy we medeniýeti, şeýle hem özboluşly däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan amaly-haşam sungaty eserleriniň nusgalary, žiwopis eserleri we fotosuratlar görkezildi. 

Türkmen bölüminiň eksponatlary ýurdumymyzda 2019-njy ýylda yglan edilen “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygary astynda görkezildi. Göze geliwli owadan halylardyr özboluşly haly önümleri, žiwopis eserleri, milli lybaslaryň we nagyşlaryň nusgalary, şeýle hem halkymyzyň baý medeniýeti, taryhy we tebigy ýadygärlikleri, syýahatçylyk-dynç alyş mümkinçilikleri, Türkmenistanda amala aşyrylýan innowasion özgertmeler barada gürrüň berýän mahabat-neşirýat önümleri bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Onuň kitaplar bölüminde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy we edebi işleri hormatly orun eýeledi. 

Baýramda Nowruz tagamlary we aşpezlik däpleri bilen tanyşdyrylyşa gatnaşan döwletleriň milli tagamlary hödür edildi. Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaranyň aýdym-sazly bölüminde türkmen kompozitorlarynyň eserleri we halk sazlary ýaňlandy.