Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar

2019-njy ýylyň 21-nji marty ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni köpöwüşginli dabaralara beslendi. Baýramçylygyň esasy folklor-etnografiýa çykyşlary Nowruz ýaýlasynyň çäginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere baharyň gelmegini, tebigatyň janlanýandygyny, parahatçylygy, adamlaryň arasyndaky ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny alamatlandyrýan baýramçylyga gatnaşýan köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzda guralýan Nowruz baýramy döredijilige, zähmetiň ýokary göterilişine, daşky gurşawyň özgerdilmegine, oňa sazlaşygyň, gözelligiň we hoşniýetliligiň goşulmagyna özboluşly çakylyga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ähli özgertmeler hut şu ugra gönükdirilendir. Türkmen halkynyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy, beýik maksatlara ýetmegiň ýolundaky ynamly ädimler onuň aýdyň netijeleridir. Munuň özi diňe bir ykdysady taýdan galkynmak däl, eýsem, durmuş, jemgyýetçilik-syýasy ösüşden, medeni we ruhy baýlyklaryň dabaralanmagyndan ybaratdyr. Nowruzyň hormatyna guralan dabaralarda hut şu ýörelgeler öz beýanyny tapdy.

...Nowruz ýaýlasynyň esasy girelgesiniň öňündäki meýdançada orta asyr gündogar şäheri äheňindäki derwezeleriň ýanynda hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ähli welaýatlaryň we türkmen paýtagtynyň, şeýle hem dürli ýurtlaryň wekilleri, şol sanda syýahatçylar —baýramçylyga gatnaşýan köp sanly adamlar duz-çörek bilen garşylanyldy.

Aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Soňra ýaýlanyň belent derwezeleri açylyp, guşlaryň owazy, çeşmeleriň joşgunly sesleri eşidilýär. Bahar paslynyň esasy alamaty bolan ýyldyrym çakyp, gök gümmürdeýär. Şeýlelik bilen täzeden janlanan topraga ýaz ýagşy ýagýar.

Bu ýerde, ozalky ýyllarda bolşy ýaly, baýramçylyk şäherçesi döredildi. Hatara guralan ak öýler, giň howlular, baglar, senetkärleriň ussahanalary, gündogar bazarynyň ruhubelent täjirleri, sergi meýdançalary bu künjege özboluşly bezeg berýär. Şeýle hem sahnalaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar. Bagşylaryň, sazandalaryň, tansçylaryň we estrada aýdymçylarynyň joşgunly owazlary utgaşyp, ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Milli lybaslaryň, halylaryň, amaly-haşam sungatynyň, surat eserleriniň älemgoşar öwüşginleri, türkmen topragynyň sahawatly berekedi bu künjegi gülläp ösýän ýaýla öwürýär. Bu gün ýurdumyza rysgal-berekedi, joşgunly aýdym-sazlary bilen nurana toý bolan Täze gün geldi. Gadymy döwürlerden bäri şu pursatdan gyş pasly tamamlanyp, meýdan işlerine girişilipdir we durmuşyň täze tapgyry başlanypdyr.

Myhmanlaryň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleri, şeýle hem «Nowruznama» kitaby esasynda taýýarlanan özüne çekiji, täsirli sahna eserleri ýaýbaňlandyryldy. Olarda bu nurana baýramçylygy garşylamagyň gadymy däpleri öz beýanyny tapýar. Tomaşaçylaryň öňünde asyrlaryň we müňýyllyklaryň ýagşy dessurlary, bahar paslynyň gelmegi bilen döredilýän bereket bolçulygy, täze günüň şuglasy, şeýle hem şadyýanlyk emele gelýär.

Birleşen Milletler Guramasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek bilen, bu baýramçylygy halklaryň arasynda parahatçylygy pugtalandyrýan, dost-doganlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini tassyk edýän dabara hökmünde bellemäge çagyrdy.

Taryhy çeşmeler we arheologiýa tapyndylary Nowruzyň («Täze gün», «Täze ýyl») — täze günüň iň gadymy dünýä dini hasaplanýan zoroastrizmiň dörän ýerinde ilkinji gezek baýram edilip başlanandygyna şaýatlyk edýär. Alymlar ilkinji zoroastrizmiň ot we suw seždegähiniň Türkmenistanyň çäginde, has takygy, Murgap derýasynyň kenarynda emele gelendigini tassykladylar. Bu ýerde Zaratuştra ýa-da gadymy grek we rim ýyl ýazgylarynda atlandyrylyşy ýaly Zoroastr Ahuramazdadan pata alypdyr. Adamzat taryhynda ilkinji dünýä dini onuň ady bilen Zoroastrizm diýlip atlandyrylypdyr.

Zaratuştra gije bilen gündiziň bahar paslynda deňleşýän pursadynda Täze ýyl baýramçylygyny esaslandyrdy. Bu baýram durmuşyň bakylygynyň, ruhy gymmatlyklaryň dowamlylygynyň, nesilden-nesle geçýändiginiň dabarasyna öwrüldi. Milli bahar baýramy durmuş ulgamynyň manysyny özünde saklaýar we ynsan kalplaryny hoşniýetlilik güýjüne besleýär. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda bu baýrama aýratyn gadyr goýýar we pederlerimiziň paýhasly wesýetine laýyklykda, ony giň gerimde, örän täsirli hem-de şatlykly dabaralandyrýar.

Topragyň janlanýandygyny, tebigatyň oýanýandygyny alamatlandyrýan Nowruz gadymy döwürlerden bäri döredijilik güýjüniň erkinligini, halk döredijiliginiň ähli görnüşleriniň ýüze çykmagyny, köp sanly nesilleriň ruhy we medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Nowruz ýaýlasynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň folklor, aýdym-saz we teatr toparlary öz çykyşlarynda halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlarynyň häzirki döwürde kämil derejede ösdürilýändigini görkezdiler.

Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary ekerançylyk dessurlaryny hem öz içine aldy. Şolarda tebigat bilen sazlaşyk, adamlaryň durmuşda eýeleýän orny we daşky gurşaw bilen özara gatnaşyklara bolan oňyn garaýyşlary öz beýanyny tapdy. Mälim bolşy ýaly, pederlerimiz bolup geçýän özgerişlere synçy nazaryny salmak bilen bir hatarda, tebigatyň her bir pursadynyň manysyna, hereketine düşünmäge çalşypdyrlar. Adamlar tebigat bilen oňyn gatnaşykda bolupdyr. Şeýlelikde, häzirki döwürde hem özüniň paýhasyny, kämilligini we täsirini ýitirmeýän oňyn dessurlar döräpdir.

Soňra ýaşajyk artistleriň çykyşlary boldy. Birleşdirilen çagalar tans toparlary «Ýag, ýagyş!» atly folklor çykyşyny ýerine ýetirdi. Şonda körpe artistler Nowruzyň gelendigini baýramçylyk çykyşlary we şadyýan goşgy setirleri bilen buşlaýarlar. Soňra dabara gatnaşýan çagalaryň hemmesi bu çykyşlara goşulýar.

Soňra Ahal welaýatynyň tans-etnografiýa topary sahnalaşdyrylan eserleri ýaýbaňlandyrdylar. Onuň dowamynda derwüşleriň gadymy tansyny ýerine ýetirýänleriň hataryna deprekçiler topary goşulyp, bu çykyşa joşgun berdiler. Bu ýerde dikilen ak öýleriň ýanynda Nowruzyň gelmegi bilen baglanyşykly dürli däp-dessurlar öz beýanyny tapdy.

Myhmanlaryň gezelenç edýän ýolunyň beýle tarapynda ajaýyp baglyk görünýär. Şol ýerde Lebap welaýatynyň sungat ussatlary ekerançylyga we bagçylyga bagyşlanan sahna eserleri bilen çykyş edýärler. Çykyşlarda «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky nakyllar esasynda döredilen görnüşler ýaýbaňlandyryldy. Onda halkymyzyň janly tebigata bolan söýgüsi, mähriban toprak hakyndaky aladasy aýdyň duýulýar. Kitapda «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky...» diýlen jümläniň manysy çykyşlarda görkezilýär.

Şeýle hem bu ýerde ýyladyşhanalaryň, bal ary öýjükleri görnüşinde ýaş bag nahallarynyň, dürli gülleriň, ter miweleriň, kakadylan miwe önümleriniň, ary ballarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda ýurdumyzyň ir-iýmişli baglarynyň, dag eteklerindäki ýaýlalaryň, derýalaryň kenarlarynyň gözelligi, hasyllylygy we ýakymly gurşawy öz beýanyny tapypdyr.

Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň «Ak bugdaýyň Watany» bölümi esasynda taýýarlanan sahna eseri ekerançylyk bilen baglanyşykly çykyşlaryň dowamyna öwrüldi. Bu ýerde ussalaryň işi, olaryň elinden çykan senetleriň ýerine ýetirilýän zähmetiň netijeliligine täsiri, ýeri şüdügärlemegiň aýratynlyklary we hasyl ýygnaýyş usullary görkezilýär. Şeýle hem sahna çykyşlarynda rowaýaty gahrymanlar — topragyň we ekerançylygyň howandary Babadaýhan, ýagyş-ýagmyryň piri Burkut baba we ýeliň piri Mir Haýdar şekillendirildi. Goşulan iki öküzde ýer sürmek, ekiş pursatlary, gadymy döwürlerde düýä goşulan jykyr bilen suw çykarmagyň usuly, suwaryş işleri, degirmeniň işledilişi, daýhanlaryň meýdan düşelgeleri görkezildi.

Oba hojalyk gurallary, häzirki wagtda oba zähmetkeşleri tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän dürli ekinleriň tohumlary, agaçdan önümleri ýasaýan ussalaryň işleri bu ýerde guralan serginiň üstüni ýetirdi.

Soňra ýaýlanyň merkezi ýodasynyň iki tarapynda maldarçylyk däplerine bagyşlanan görnüşler bar. Şeýle hem «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky nakyllaryň beýany bu ýerde guralan çykyşlaryň özenini düzdi. Onda «Çopansyz mal bolmaz, kethudasyz — il» ýaly ajaýyp nakyllar öz beýanyny tapdy. Bu ýerde «Miras» folklor toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary görkezildi.

Olar dowarlaryň piri Çopan atanyň, düýeleriň piri Weýis babanyň, sygyrlaryň piri Zeňňi babanyň, geçileriň piri Göwender babanyň şekillerini, şeýle hem çarwadarlara mahsus bolan beýleki dürli dessurlary görkezdiler. Bu ýere gelenler ýörite agyllarda ýerleşdirilen öý mallaryny, täze dünýä inen guzyjyklary synladylar. Bu mallaryň goragynda duran alabaý itleri, aw tazylary we laçynlary myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi. Aw tazylaryny we laçynlary ösdürip ýetişdirmek däbi türkmenleriň medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir we häzirki wagtda hem bu ýörelge dowam etdirilýär.

Haly we dokma önümleriniň, süýt önümleriniň, şeýle hem türkmen topragynda giňden ösýän dermanlyk ösümlikleriň we olardan taýýarlanylýan tenekar çaý içgileriniň sergisi edebi-sazly çykyşlar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Kaşarlary, Garagum sährasynyň öri meýdanlaryny, çopan goşlaryny beýan edýän görnüşler dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.

Bu ýerde şeýle hem çal, gatyk, süzme, aýran, gurt, saryýag, mesge, owuz, peýnir, sargan, motal ýaly türkmenleriň däp bolan süýt önümlerini taýýarlamagyň syrlaryny bilip bolar ýa-da ýüň daramak, gamyş örmek işlerinde öz ukybyňy synap, keçe basmaga öz goşandyňy goşup, dokma enjamyny işledip, deri önümlerinden possunlary, telpekleri, gaýyş ädikleri tikmegiň usullaryny synlap bolar.

Soňra sahnalaşdyrylan çykyşlarda Nowruzyň ylmy dünýäsi, onuň taryhy barada gürrüň berildi. Mary welaýatynyň teatr artistleri filosofiýanyň, lukmançylygyň, matematikanyň, astronomiýanyň ösüşine ägirt uly goşant goşan Gündogaryň görnükli alymlarynyň keşplerini janlandyrdylar. Olaryň hatarynda Omar Haýýam, Al Biruni, Al Horezmi, As Suli, Al Farabi, Lukman Hekim, Nejmeddin Kubra, Zamahşary, Mäne Baba we beýlekiler bar.

Bu görnüşler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň Gadymy Merw hakyndaky bölümleri esasynda taýýarlandy.

Folklor toparlarynyň çykyşlary gadymy obserwatoriýanyň, kitaphananyň we şol döwrüň ýadygärlikleriniň taryhy şekilleri, gum hem-de gün sagatlarynyň nusgalary, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde taryhy gymmatlyklary rejelemek boýunça işler, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň küýzegärlik we beýleki sungat eserleri baradaky sahnalary giňişleýin beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynyň bölümleri türkmen milli aşhanasyna bagyşlanan çykyşlaryň esasyny düzdi. Onda Nowruzyň esasy tagamy hasaplanylýan semenini taýýarlamagyň usullary, baýramçylyk sowgady üçin bugdaý maýsasyny ösdürmegiň usullary görkezildi. Bu görnüşleri Daşoguz welaýatynyň folklor toparynyň agzalary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Aýal-gyzlar degirmende dänäni üwemekden, uny elemekden we ony garmakdan başlap, hamyry taýýarlamagyň gadymy usulyny görkezdiler. Soňra tamdyrlara çörek ýapyldy we olar ähli isleýänlere hödür edildi. Myhmanlara ýörite gapda ösdürilip ýetişdirilen we alaja daňylan bugdaý maýsalary sowgat berildi.

Tomaşaçylar gatlama, çapady, pişme, çelpek, petir çörek, ýagly çörek ýaly milli nygmatlaryň taýýarlanylyşyny gördüler we bu tagamlardan gyzgynlygy bilen dadyp görmäge mümkinçilik aldylar.

Türkmenleriň ähli baýramçylyk dabaralaryna ajaýyp bedewlere atlanan ussat çapyksuwarlar gatnaşýarlar. «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň halkara sirk festiwallarynyň ençeme gezek ýeňijisi bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary «Nowruzyň milli oýunlary» atly çykyşy görkezdi. Bu şowhunly sahna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynyň beýany boldy.

Ine, ýene-de türkmen jigitleri ajaýyp bedewlerde sazyň astynda özleriniň belent ussatlyklaryny görkezýärler, hemmelere ýatdan çykmajak tolgundyryjy duýgulary bagyşlaýarlar. Bedewleriň seýkin basyşy hem-de çalasynlygy olaryň kamatyna laýyk gelýär.

Mundan başga-da, Balkan welaýatynyň birleşen folklor topary küştdepdi tansyny ýerine ýetirdi, oňa dabara beýleki gatnaşyjylar hem höwes bilen goşuldylar.

Şol wagt ýaşlar halk oýunlaryny oýnap, ony şadyýan aýdymlar we şahyrana degişme setirler bilen utgaşdyrýarlar. «Serpaý» folklor-etnografiýa topary milli oýunlaryň şekilleri utgaşdyrylan çykyşy görkezdi. Tomaşaçylar şeýle hem türkmen milli göreşi boýunça pälwanlaryň tutluşyklaryny, ýaglyga bökmek bäsleşigini synladylar. Milli oýunlaryň hatarynda şeýle hem aýterek-günterek, çilik, çowgan, altyn gabak, guýruk tutdy we beýlekiler ýerine ýetirildi.

Monjugatdy gyzlaryň arasynda iň köp ýaýran oýunlaryň biridir, monjuklarda pal atylýan bu oýun wagtyň geçmegi bilen başarjaňlygy ýüze çykarmakda degişme häsiýetli bäsleşige öwrüldi. Oýnuň dowamynda gyzlar gazallary ýerine ýetirýärler, läle kakýarlar, toý aýdymlaryny aýdýarlar.

Bu sahnany «Meňli», «Näzli», «Aşgabat» toparlarynyň, talyp gyzlar döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň birleşen folklor topary ýerine ýetirdi. Ýoluň ugry boýunça aýal-gyzlaryň el işleriniň, nepis keşdeleriň, nagyşlaryň, keteni matasynyň, haly önümleriniň, sowgatlyklaryň we beýlekileriň sergisi guraldy.

Bu görnüşleri «Nowruzyň aşhanasy» atly bölüm jemledi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen çap edilen «Bereketli türkmen saçagy» kitapdan aýry-aýry bölümler sahnalaşdyryldy. Merkezi ýodajygyň iki tarapy boýunça milli aşpezligiň tagamlary bilen miweler, gök önümler bilen bezelen saçaklar ýazyldy, bu tagamlar aşpezlik sungatynyň iň gowy aşpezleri tarapyndan taýýarlanyldy. Olar aşhana gurallary bilen dürli tagamlary taýýarlamagyň tälimlerini görkezdiler. Dabara gatnaşyjylar höwes bilen tagamlardan dadyp gördüler. Bu ýerde kyrk gazan atarylyp, olardan palawyň, ýarmanyň, çorbanyň, unaşyň, dogramanyň tagamly ysy siňen tüsseler göge göterilýär.

Nowruzyň baýramçylyk tagamlarynyň hatarynda gaýnatma, buglama, çekdirme, tamdyrlama, nowruz köjesi, ýumurtgaly, etli, ysmanakly, kädili börek we beýlekiler bar. Biraz aňyrrakda bolsa gazanlama, mäş, jöwen, dürüşde, şüle, gömme, içlekli, gutap, somsa tagamlary hoşboý ysy bilen özüne çekýär. Goýun etinden çişlikler, gowrulan balyk, kebap tagamlary hem baýramçylyk çäresine ýakymly öwüşgin çaýdy.

Şeýle hem bu ýerde ter gök önümler we miweler hödür edildi, olar türkmen topragynyň, baglaryň miweleriniň, balyk önümleriniň we beýlekileriň sergisiniň üstüni ýetirdi. Teatr artistleriniň ýerine ýetiren sahnalary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Aýdymçylaryň we sazandalaryň çykyşlary baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýdy. Şonda halk aýdym-sazlary biziň günlerimiziň estrada owazlary bilen aýratyn sazlaşyk döretdi. Dabara umumy küştdepdi tansy bilen jemlendi.

Nowruza bagyşlanan dabara gadymy baýramçylygyň däpleriniň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna, biziň mirasymyzyň bolsa, häzirki nesiller tarapyndan dowam etdirilýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Ahal jülgesinde şadyýan baýramçylyk, agşam çagy dowam etdirildi — şonda öňden gelýän dessurlar berjaý edilip, ot ýakyldy hem-de isleg bildirýänleriň ählisi gadymy döwürlerde ata-babalarymyzyň edişi ýaly, oduň üstünden böküp geçdiler, belent hiňňildiklerde uçdular. Hiňňildiklerde uçmak ruhy taýdan arassalanyş hasap edilýär, bu adat täze ýyla täze gujur, päk ýürek we nurana niýetler bilen girmäge mümkinçilik berýär.

Asyrlar we müňýyllyklar geçýär, ýöne taryhy sepgitlerden geçen bu baýramçylyk biziň günlerimizde hem türkmen halkynyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Ol öçmejek merjen bolmagynda galmak bilen, bize gözellik we hoşniýetlilik duýgularyny peşgeş bermegini dowam edýär, dostluga, doganlyga, agzybirlige, täze üstünliklere çagyrýar.

Şu gün baýramçylyk konsertleri we köpçülikleýin medeni çäreler ýurdumyzyň sebitleriniň merkezleriniň ählisinde we Aşgabat şäherinde, şol sanda açyk meýdançalarda we seýilgählerde, raýatlarymyzyň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Nowruz türkmen halkynyň döredijiliginiň, ruhubelentliginiň hem-de tutanýerli zähmetiniň aýdyň beýanyna öwrülip, ösüşiň has belent sepgitlerine çagyrýar we biziň ýüreklerimizde rowaç Watanymyza buýsanç duýgusyny berkidýär.