Gyýanly Polimer zawodynyň açylyş dabarasy meýilleşdirilýär

2018-nji 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Gyýanly Polimer zawodynyň açylyş dabarasy meýilleşdirilýär.

Iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilip, ýylda 386 müň tonna polietileni we 81 müň tonna polipropileni öndürmäge ukyply bu ägirt uly kärhananyň açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynyň dünýä bazarynda islegleri kanagatlandyryp, şeýle hem eksport mümkiçiligini artdyrar. Bu zawodyň gurulmagy Türkmenistanyň senagat taýdan ösen döwlet hökmünde kemala gelmegine tarap ýene bir ädim bolar.